Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 12.09.2024
2921

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýokyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy. Şol syýasat parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň okgunly ösmegini şertlendirýär.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş ulgamlary, oba hojalygy we beýlekiler bar.

Iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmegine, ynanyşmagyna ýardam edýän parlamentara hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža netijeli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýožef Rožany Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň belent şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize meniň iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Tamaş Şuýok,

Wengriýanyň Prezidenti.

Soňky habarlar
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
top-arrow