Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 09.09.2024
451

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta ýygyjy kombaýnlar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edildi. Ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün etmek işleri dowam edýär. Sebitiň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinler ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymy möwsüminde pagta arassalaýjy kärhananyň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta ýygýan kombaýnlaryň, pagta hasylyny daşamakda ulanyljak tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinler ekilen ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmegi babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary hem-de pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme taýýar edilip, kombaýnlary doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişine girişilip, ekiş guramaçylykly alnyp barylýar, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün edilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary we gurallar doly güýjünde işledilip, möwsümi bellenen agrotehniki möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Sebitde güýzlük gök ekinleriň ekişi dowam edýär, şaly meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek, şaly oragyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň talabalaýyk geçirilmegini, pagta ýygymy möwsümine doly taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglar we beýleki tehnikalar möwsüme taýýar edilip, pagta ýygyjy kombaýnlary taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, önüm öndürijileri ýeterlik mukdarda ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde tagt we gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, şaly ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Şeýle-de häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary ýygym möwsümine taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, möwsümde işlediljek pagta ýygyjy kombaýnlary, pagta hasylyny daşajak awtoulaglary we tehnikalary taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Şu ýylyň 4-nji sentýabrynda welaýatda bugdaý ekişine girişilip, ekiş möwsümini bellenen möhletde ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyrygyna laýyklykda, güýzlük ýeralma, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, pagta ýygymy möwsümine doly taýýarlykly girişilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 11-nji sentýabrynda pagta ýygymyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar we beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi. Ýurdumyzda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Welaýatlarda güýzlük azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ünsi çekdi we bugdaýyň bol hasylyny almagyň, şeýlelikde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmegiň, halkymyzyň saçagynyň berekedini artdyrmagyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan ekijileriň, beýleki tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň gazanylmagyny tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsüminiň hem ýetip gelendigi aýdylyp, welaýatlarda ýygyma görülýän taýýarlygy ýene-de bir gezek barlamak, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, terezileriň, ýygymda işlediljek kombaýnlaryň we awtoulaglaryň möwsüme taýýarlygyny goşmaça gözden geçirmek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, pudakda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň alnyp barlyşyny hem berk gözegçilikde saklamagy, maksatnama boýunça gurulmaly desgalaryň tabşyrylmaly wagtyna we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
17.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» Sammitine gatnaşýar
17.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy
17.09
Döwlet Baştutanymyz german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
17.09
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.09
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
16.09
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi
16.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 76 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow