Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 08.09.2024
1942

Şu gün Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymzyň Gazagystan Respublikasynyň baştutany bilen duşuşygy tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni «Astana Arena» stadionyna tarap ugrady. Bu ýerde şu ýyl «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary bilen geçýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Sport, medeni we ylmy maksatnamalaryň birleşdirilmegi bu özboluşly taslamanyň esasy aýratynlygydyr. Şularyň özara baglanyşygy sportuň milli görnüşlerini we umuman, çarwa medeniýetini toplumlaýyn öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär.

Şu gezekki iri sport çäresiniň resmi nyşanynda Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ähli nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan Gün şekilindäki atlynyň şekili ýerleşdirilipdir. Nyşanda hakyk daşynyň nepisligini alamatlandyrýan goýy gyzyl reňk ulanylypdyr. Bu gymmat bahaly daş türkmenleriň we Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň milli şaý-seplerinde giňden ulanylýar. Nyşanda ýazgylar VIII-X asyrlardaky türki ýazuwy äheňinde ýerine ýetirilipdir.

Gyrgyzystanda geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üçüsiniň esasy nyşany suw bolupdy. Bu däp Gazagystanda geçirilýän şu gezekki Oýunlarda hem dowam etdirildi.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow