Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kamboja Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kamboja Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 26.08.2024
2527

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, jenap Sok Çea Kambojanyň ýokary ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan toplumlaýyn maksatnamalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ilçi Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, Diýarymyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekdäki orny bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygyň türkmen-kamboja gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolan Bitarap Türkmenistanda Kamboja Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, ilçi däp bolan dostlukly, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Kamboja Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Sok Çeany Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň adyndan we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Norodom SIAMONI,

Kambojanyň Patyşasy.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow