Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Çap edildi 25.08.2024
362

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary, degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Arçman” şypahanasynda täze bejeriş binasyny gurmak boýunça degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen guramaçylyk işleri geçirildi. Şeýlelikde, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlary ylmy esasda öwrenildi, ony rejeli peýdalanmak babatda maslahatlar berildi. Täze bina gurlandan soňra, bu ýerde bejergi alýan adamlaryň sanyny has-da artdyrmak üçin mümkinçilik dörär. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda täze gurulmaly 400 orunlyk binanyň, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, daşky eltiji ulgamlaryň, şypaly suw içilýän binanyň, 300 orunlyk mejlisler otagynyň, 400 we 250 orunlyk naharhanalaryň, dermanlyk otlardan taýýarlanan dürli içgileri hödürleýän çaýhananyň, diş lukmanynyň otagynyň, anyklaýyş we fizioterapiýa, rentgen otaglarynyň taslamalary, ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Mundan başga-da, “Arçman” şypahanasynyň çäginde guruljak täze binanyň, durky täzeleniljek bejeriş otaglarynyň ýerleşdirilişi, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň ugurlary, binalaryň bezeg aýratynlyklary, esasan-da, täze toplumyň merkezi girelgesi we onuň dolandyryş ulgamynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berildi.

Lukman Arkadagymyz taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Täze binalary gurmak, desgalaryň durkuny täzelemek işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Ýerli tebigatyň özboluşly aýratynlyklaryna, bu çägiň ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň taslamalary taýýarlananda hut şu talaplardan ugur alynmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde duran wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli alnyp barylmagynyň häzirki döwrüň wajyp wezipesidigini belläp, bu işleriň depginini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň taslamalary taýýarlananda-da, ýerli tebigy aýratynlyklar, olaryň ähmiýeti göz öňünde tutulmalydyr. Şunda şypahananyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulanyljak lukmançylyk enjamlarynyň döwrebap bolmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde hiç hili ownuk zadyň ýokdugyny aýdyp, toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, olarda döredilýän mümkinçiliklere, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegini, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Şypahananyň çäginiň ähli desgalarynyň gurluşygyna we bezeg işlerine bolşy ýaly, dynç almak üçin niýetlenen künjekleriň abadanlaşdyrylyşyna, bag nahallarynyň oturdylmagyna-da zerur üns berilmelidir. Şunda açyk meýdanda adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen seýilgäh zolaklarynda şertleriň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen işler ylmy esasda, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alnyp içgin öwrenilmelidir.

Ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň wajyp wezipedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şypahana düzüminiň işini kämilleşdirmek meselelerine zerur üns berilmelidir. Döwletimiz öz raýatlarynyň saglygy hakynda hemişe alada edýär. Şunda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi saglygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy nesilleriň geljegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr diýip, Milli Liderimiz belledi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini belläp, lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän döwrebap şypahanalaryň ähli mümkinçilikleriniň halkymyzyň sagdynlygynyň berkidilmegine hyzmat edýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şypahanalarda raýatlarymyz saglygyny berkidýärler, döredilen mümkinçiliklerden we hyzmatlardan netijeli peýdalanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden lukman Arkadagymyz bu ýerleriň mineral suwlarynyň ýokary bejerijilik häsiýetine eýedigi hem-de onuň adam bedenine oňyn täsir edýändigi barada gürrüň berdi. Şeýle-de Milli Liderimiz şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň özboluşlylygy hakynda aýdyp, onuň uly bejeriş güýjüniň bardygyny belledi we şypahananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman” şypahanasyna saglygyny berkitmek üçin gelýän ildeşlerimiziň sanynyň yzygiderli artýandygy nazara alnanda, täze bejeriş binasynyň gurulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
12.09
Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry
12.09
Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
11.09
Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar
11.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
11.09
Aşgabat şäheriniň häkimligine “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
11.09
Owgan halkyna ynsanperwer kömegini ibermek tabşyryldy
11.09
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
10.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy
10.09
Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
top-arrow