Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata öwrüldi
Teswirlemeler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata öwrüldi
Çap edildi 21.08.2024
439

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolýar.

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, ugurdaş köpugurly desgalary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda-da göz öňünde tutulan. Olaryň çäklerinde çagalar üçin oýun, futbol, tennis meýdançalary we beýlekiler hereket edýär. Muňa aýdyň mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çäklerinde bu ugurdaky milli kanunçylyk hem yzygiderli kämilleşdirilýär. “Bedenterbiýe we sport hakynda” (rejelenen görnüşi), “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport, Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Bu edaranyň öňünde duran wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar, döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly stadionlaryň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, awtodromlaryň we beýleki möhüm desgalaryň gurulmagy bilen bagly möhüm taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky giň möçberli işler adamlary belent ynsanperwer ýörelgeleriň töwereginde birleşdirýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda bu ulgamda amala aşyrylýan işler oňyn netijeleri berýär. Milli sportumyz ösüşiň täze derejesine çykyp, ýurdumyz iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Milli ýygyndy toparymyz bu abraýly sport ýaryşynda umumy topar hasaby boýunça birinji orny eýeläp, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorady. 2018-nji ýylda geçirilen we ýurdumyzyň hem-de dünýä sportunyň taryhynda täze sahypalary açan “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty-da bu ugurda aýratyn ähmiýete eýe boldy. 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligini ýurdumyzda geçirilen beýleki iri sport ýaryşlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Şu ýylyň aprelinde bolsa Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi. Oňa GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň toparlary gatnaşdylar.

Geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde paýtagtymyz iň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän, dünýä sportunyň okgunly ösýän merkezi hökmünde halkara giňişlikde uly abraýa eýe boldy. Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza bildirilýän uly ynamyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, wagyz etmekde, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Diýarymyzyň tagallalarynyň ykrar edilýändiginiň nyşany boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt şu ýylyň 24-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak sowgada öwrüldi. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Halkara Tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti Dewid Haggertiniň we Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiniň ýurdumyza amala aşyran ilkinji sapary hem Türkmenistanyň sport durmuşynda möhüm waka boldy. Şu ýylyň 27-nji martynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda HTF-niň we ATF-nyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Ýurdumyzda sporty goldamaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge aýratyn üns berilýär. Jenap Dewid Haggerti Türkmenistanda bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, döwlet Baştutanymyza Halkara Tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurdy. Şeýle-de şu ýyl Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edildi. Bu baradaky degişli güwänamany 1-nji iýunda Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili SeýedAmir Borghei gowşurdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi hem-de 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňeltmekde gazanan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň beren ýokary bahasynyň aýdyň güwäsidir. Bu resminamada dünýäniň ähli ýurtlaryna öz ösüş strategiýalarynda welosiped ulagyna aýratyn üns bermäge hem-de ony halkara, sebit we milli maksatnamalara girizmäge çagyryş öz beýanyny tapýar.

Bu halkara sene mynasybetli 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» geçirildi. Şondan bir ýyl soňra, Olimpiýa şäherçesinde 2019 sany welosipedçiniň gatnaşmagynda «Bir ugur boýunça has dowamly welosiped ýörişi» geçirilip, ol hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2020-nji ýyl bolsa 12 kilometrlik welosiped ýörişinden başga-da, Aşgabadyň täze ajaýyplyklarynyň birine öwrülen «Welosiped» binasynyň açylyş dabarasy bilen ýatda galdy. Däp bolşy ýaly, şu ýyl hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hökmünde sport bilen meşgullanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle hem bu sport baýramçylygynyň çäklerinde 31-nji maý — 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga ilkinji welosipedli ýöriş geçirildi.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz welosport, atly sport, awtosport bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenlerimizi halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna türkmen türgenleri dünýäniň sport giňişliginde has işjeň çykyş edip, dürli derejeli medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Serdar Rahimow şu ýyl dzýudo boýunça “Uly tuwulga” dünýä ýaryşlar tapgyrynyň Duşenbe şäherinde geçirilen ýaryşynda Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji altyn medaly gazanyp, türkmen sportunyň senenamasyna ajaýyp sahypany ýazdy. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan bolan 20 ýaşly zehinli türgen 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen 28 dzýudoçynyň içinde birinji bolmagy başardy. Derejesi boýunça Olimpiýa oýunlaryndan we dünýä çempionatlaryndan soň dzýudo boýunça iň abraýly ýaryş hasaplanýan “Uly tuwulga” ýaryşlar tapgyry ýylyň bütin dowamynda Ýer ýüzüniň dürli şäherlerinde geçirilýär.

Hytaýyň Huançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa hem ajaýyp üstünlikleri gazandy. Ol Türkiýede geçirilen “Uly tuwulganyň” «Antalya Grand Slam — 2024» ýaryşynda 57 kilograma çenli agram derejesinde göreşen 44 dzýudoçynyň arasynda bürünç medala mynasyp boldy.

Türgenlerimiz sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem tapawutlanmagy başardylar. Türkmen türgenleri taekwondonyň Olimpiýa däl görnüşi boýunça Malaýziýada we Estoniýada geçirilen iki ýaryşda çykyş edip, Watanymyza 71 medal bilen dolandylar. Karate ussatlary Özbegistanyň Ürgenç we Samarkant şäherlerinde, Birleşen Arap Emirliklerinde, Ispaniýada geçen dört ýaryşda 59 medal gazandylar. Karateniň beýleki görnüşi — kiokuşinkaý boýunça Indoneziýada geçirilen dünýä çempionatynda türgenlerimiz 4 medala mynasyp boldular. Adaty karate boýunça sport ussatlary bolsa Gazagystanyň Almaty şäherindäki Merkezi Aziýa çempionatynda 9 medal gazandylar.

Türgenlerimiziň kuraş sporty boýunça çykyşlary hem ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Geçen ýyl Aşgabatda guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda olar 15 agram derejesinde çykyş edip, 15 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 4-si hem bürünç medallardyr. Şu ýyl Eýranda geçen 13-nji Aziýa çempionatynda kuraş sporty boýunça türkmen türgenleri 11 gezek ýeňijileriň hormat münberine çykmagy başardylar.

Agyr atletika boýunça halkara ýaryşlarda-da köp sanly medallar gazanyldy. Peruwda ýetginjekleriň arasyndaky dünýä birinjiliginde 52 ýurtdan gatnaşan 17 ýaşa çenli agyr atletikaçylaryň arasynda türkmen türgenleri 7 medal gazandylar. Özbegistanyň Çyrçyk şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda olar 13 medala eýe boldular. Şunuň bilen birlikde, ulularyň arasynda Daşkent şäherinde geçen dünýä çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde Gaýgysyz Töräýew silkip götermekde we iki görnüşiň jemi boýunça iki bürünç medal gazandy. Daşkent şäherinde «Merry Caravan» ady bilen çeperçilik gimnastikasy boýunça geçirilen 14-nji halkara bäsleşikde türkmenistanly ýaş türgenler 29 medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň woleýbolçylary alty toparyň gatnaşmagynda Pakistanda guralan Merkezi Aziýa Woleýbol assosiasiýasynyň (CAVA) Milletler ligasynyň kümüş medalyny gazandylar.

Ýurdumyzyň birinji raketkasy, 14 ýaşly Ilima Guseýnowa halkara tennis ýaryşlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Diňe şu ýylyň özünde ol Hindistanda, Gazagystanda, Malaýziýada geçen üç ýaryşda 1 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç medal gazandy. Bu üstünlikleriň netijesinde, Ilima Guseýnowa şu ýylyň 9 — 13-nji sentýabrynda Kambojada 14 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga çakylyk aldy.

Sport we söweş sambosynyň türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, ýurdumyzyň sport abraýyna mynasyp goşant goşýarlar. Makaoda geçirilen Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň çempionatynda olar 21 medal, Gyrgyzystanda geçirilen Dünýä kubogynyň ýaryşlarynda 1 altyn, 2 kümüş, 7 sany hem bürünç medal gazandylar.

Şu ýyl türkmen türgenleri erkin göreş, küşt, ýaýdan ok atmak, jiu-jitsu we sportuň beýleki, şol sanda tehniki görnüşleri boýunça hem uly üstünlikleri gazandylar. Russiýanyň, Mongoliýanyň çäklerinden geçen 14-nji “Ýüpek ýoly — 2024” halkara awtorallisinde iki türkmen ekipažy baýrakly orunlara eýe boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Nissan Patrol” awtoulagynda çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýaryşyň «T2» görnüşi boýunça kümüş medala eýe boldular. Ýene-de bir türkmen ekipažy Maksatmyrat Daňatarowyň we Didar Orazmedowyň “Nissan Patrol” awtoulagyny dolandyrmagynda baýrakly üçünji orna eýe bolmagy başardy.

Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň ählisi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezindedir. Asylly däbe görä, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenlerimiz milli sporty ösdürmäge goşan uly goşantlaryna hormatyň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sarpalanylýar. Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenlerimizi sarpalamak dabarasy geçirilip, olara döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aşgabatda aprel aýynda Ýewropanyň hem-de Aziýanyň 10 toparynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji bolan “Galkan” hokkeý toparynyň gazanan üstünligi mynasybetli aýratyn dabara guraldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, tapawutlanan türgenlere we tälimçilere hormatly atlar dakyldy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda aýratyn tapawutlanan türgenleriň we olaryň tälimçileriniň hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylmagy olaryň Watanymyzyň dünýädäki abraýyny arşa galdyrýan üstünliklerine goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň türgenleri şeýle tagallalara mynasyp jogap edip, iri sport ýaryşlarynda Döwlet tugumyzy belende göterýärler.

Soňky habarlar
11.09
Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar
11.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
11.09
Aşgabat şäheriniň häkimligine “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
11.09
Owgan halkyna ynsanperwer kömegini ibermek tabşyryldy
11.09
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
10.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden çykyşy
10.09
Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar
10.09
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
10.09
Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary
top-arrow