Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Çap edildi 09.08.2024
1115

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär. Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede-de alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, täze, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we maksady barada bitewi garaýşyň döremeginde, häzirki döwrüň şertlerini, uzak möhletleýin mümkinçilikleri göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmeginde şu formatyň netijelidigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek. Bäştaraplaýyn sammitiň sebit ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda guralandygyny-da aýtmaly. Munuň özi gazanylan möhüm ylalaşyklar we kabul edilen çözgütler bilen birlikde, bu çäräniň taryhy ähmiýetini şertlendirdi. Forumyň çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça iri halkara çäreleriň birnäçesi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum, sammitiň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetiren, goňşy halklaryň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşan beýleki çäreler guraldy.

2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Bu sylagy gowşurmak dabarasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirildi. Şol ýerde şu formatdaky bäşinji duşuşyk guralypdy.

...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz «Akorda» köşgüne ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dostlarça salamlaşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly myhman hökmünde ýokary derejeli çärelere gatnaşmaga çagyryldy. Sammitiň resmi nyşanynyň we oňa gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, «Akorda» köşgünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew duşuşygy açyp we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny hem-de agzalaryny mübärekläp, soňky ýyllarda konsultatiw duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli meýdançasyna öwrülendigini, ony ýokary derejä çykarandygyny, ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny ynanyşmak häsiýetine eýe edendigini nygtady. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we halklarynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny görkezýän şu sammitiň ähmiýetine ünsi çekip, onuň bu ýolda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi. Soňra gazak Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Biziň her ýyl geçirilýän duşuşyklarymyz indi däbe öwrüldi we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm hem derwaýysdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar. Bu bolsa bize pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine has gowy düşünmäge we şonuň esasynda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny döretmek başlangyjyny öňe süren Türkmenistan olaryň diňe maslahat beriş häsiýetine eýe bolmalydygyndan, syýasy gatnaşyklar üçin berk düzgünleşdiriji kadalardan, amallardan azat meýdança bolmalydygyndan ugur alýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleridir düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

Konsultatiw duşuşyklaryň ilkibaşdaky mazmuny we maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar hem-de biz şonuň esasynda iş alyp barýarys. Syýasy, şeýle-de iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys.

Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagy, biziň pikirimizçe, olaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Munuň özi biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň, ilkinji nobatda, sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir. Elbetde, halkara gün tertibiniň meseleleri, olary ara alyp maslahatlaşmak we sebitara, yklym hem-de ählumumy meseleler boýunça bäş döwletiň utgaşdyrylan garaýyşlaryny işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan, biziň üçin hemişe möhüm bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işiň ýokary netijeli bolmagyny üpjün eder, diňe Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna degişli hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi jemlemäge mümkinçilik berer.

Häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, parahatçylygy, ylalaşygy, durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz özboluşlylygymyzy, özbaşdaklygymyzy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalarymyzy saýlamak hukugymyzy gorap saklamak bilen, sebitimizi gülläp ösýän, häzirki zaman ählumumy gatnaşyklaryna çuňňur goşulyşan sebite öwürmegi maksat edinýäris. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, diňe şeýle şertlerde döwletlerimiziň we halklarymyzyň özlerine mynasyp geljegi üpjün etjekdiklerine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sebitimiziň daşarky täsirlere, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir diýip nygtady. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr.

Serhetlerdäki durnuklylyk, asudalyk sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Men, ilkinji nobatda, Owganystan ugry boýunça hyzmatdaşlygymyzy göz öňünde tutýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurtlarymyzyň her biriniň aýratyn garaýyşlaryna hormat goýmak bilen, Owganystanyň goňşulary hökmünde hereket edýän owgan hökümeti babatda umumy oňyn hem-de netijeli gatnaşyklary işläp taýýarlamak üçin açylýan mümkinçilikleri we ýurtdaky durnuklylygyň alamatlaryny ulanmalydyrys. Biziň pikirimizçe, owgan halkynyň bähbitleri, arzuw-islegleri, olaryň ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça döredijilikli umumymilli işe hem-de parahatçylyga ymtylmasy ileri tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu işde Merkezi Aziýa ýurtlary esasy orny eýeleýär. Diňe biziň bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy, infrastruktura we logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi mümkin bolup biler. Owganystan bilen bizi taryhy, ruhy, garyndaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Täze, parahat, durnukly Owganystany döretmäge ýardam bermek üçin bu gatnaşyklary ulanmak biziň umumy borjumyz hem-de jogapkärçiligimizdir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy-diplomatik, hukuk goraýjy we ýörite ulgamlardaky ylalaşykly hereketleri sebitde durnuklylygyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Türkmenistan daşary syýasat edaralarynyň täze wehimlere, sebitde durnuksyzlyga garşy durmak, maglumat giňişligini goramak, radikal, ekstremistik elementleriň sebite aralaşmak synanyşyklarynyň öňüni almak we aradan aýyrmak meselelerinde utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biziň serhet, migrasiýa, gümrük we ýörite gulluklarymyzyň ýakyndan hem-de sazlaşykly işlemekleri üçin şertleriň döredilmegini wajyp hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Elbetde, ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Şunda ulag-kommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Meniň pikirimçe, geografik, logistik we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda, netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta durnukly ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynyň bir bölegi bolmak üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamy barada aýdyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna geçýän ugurlary aýratyn belledi. Gürrüň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe we ondan aňryk Ýewropa ýurtlaryna çykýan, şeýle hem Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we ondan aňryk Ýakyn Gündogara çykýan ugurlar barada barýar.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Pars aýlagy ugry boýunça ýük daşamalara aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatynyň birleşdirilmeginiň hem-de dünýä ummanyna çykylmagynyň giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda Owganystan bilen hyzmatdaşlyk etmegi babatda uly mümkinçiligiň bardygyny nygtamak gerek. Häzirki wagtda döwletlerimiz Owganystan ugry boýunça ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek üçin köp işleri edýärler.

Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz geçelgesi ýene-de bir ähmiýetli utgaşdyrylan suw-guryýer ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we tagallalary birleşdirmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ugurda giň möçberli ulag taslamalaryny durmuşa geçirip biljekdiklerine ynam bildirdi.

Elbetde, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Bu ugurda edilmeli köp işler bar. Biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, ýurtlarymyzyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda biziň döwletlerimiziň eýeleýän orny ýokarlanýar diýip belledi. Bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr. Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde işlemäge taýýardygy barada ençeme gezek aýdandygyny belledi.

Söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleler hem ünsden düşürilmeli däldir. Şunda biziň döwletlerimiz bilelikdäki oňyn tejribä, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, işewür düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmäge we işjeň ulanmaga, ýurtlarymyzyň çäklerindäki taslamalara gönükdirilýän bilelikdäki maýa goýumlary höweslendirmäge, serhetýaka söwdany ösdürmäge ukyplydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi.

Magtymguly türkmen halkynyň beýik ogludyr, emma onuň filosofik we şahyrana mirasy tutuş Gündogara, umuman, tutuş dünýä, aýratyn-da, biziň goňşularymyz bolan Merkezi Aziýa halklaryna hem degişlidir. Köp döwletleriň Baştutanlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrmak bilen, biz bu çärä diňe bir Magtymgula sarpa goýmak hökmünde däl-de, giň hem-de özara hormat goýmak esasyndaky örän ähmiýetli we öz wagtynda guralýan halkara dialogy, dünýäniň ykbaly, häzirki döwrüň ählumumy syýasy, durmuş-medeni, geoykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyna, olaryň meýillerine, geljekki mümkinçiliklerine oňyn, döredijilikli çemeleşmeleri hem-de garaýyşlary beýan etmek üçin netijeli forum hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki wagtda şeýle dialog derwaýysdyr. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleriniň garaýyşlarynyň şol maslahatda örän düýpli we giňişleýin beýan edilmegine, olaryň diňlenilmegine, şol garaýyşlara düşünilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny öňde boljak halkara maslahata çagyrdy hem-de olaryň foruma işjeň gatnaşjakdyklaryna umyt edýändigini belledi.

Konsultatiw duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmekde bu formatyň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki sammit taraplaryň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezdi. Soňky ýyllarda sebit hyzmatdaşlygynda uly tejribe toplandy. Şol hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muňa hil taýdan täze derejä çykan döwletara syýasy dialog ýardam edýär. Özara gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamyna, halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň we doganlygyň çuňňur taryhy köklerine aýratyn üns berildi. Munuň özi giň gerimli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasyna hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdine gol çekdiler. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy giňişleýin görnüşde dowam etdi. Hormatly myhmanlar hökmünde oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, gatnaşyjy ýurtlaryň köptaraplaýyn meýdançalarda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryny has-da ilerletmek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

***

Şu gün — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda sammitiň gün tertibine hem-de jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şu formatyň çäklerinde bilelikdäki işiň netijeleri, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli dialogy dowam etdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.

***

Hormatly Prezidentimiziň Astana iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Olarda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, senagat ýaly ulgamlarda, telekeçilik ugry boýunça özara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga çalyşýandyklary tassyklanyldy. Şunda medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary höweslendirmegiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi iki ýurduň arasynda asyrlaryň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow