Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 09.08.2024
1752

Şu gün Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen kärdeşini ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp hem-de Astana gelmäge çakylygy kabul edendigi we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini aýtdy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ol däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada durup geçip hem-de şu ýylyň iýulynda Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna bu dabara gatnaşandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Pursatdan peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň işine gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň biziň halklarymyzyň bähbidine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu günki sammitiň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň sebitiň döwletleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geçirilen duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine, diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde-de döwletara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak halkara foruma gatnaşmagyna garaşylýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine geçip, ulag ulgamynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu babatda deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda bilelikdäki işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki bir ileri tutulýan ugry energetika bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gazak Lideri bilen duşuşygynyň barşynda gaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu mesele boýunça gepleşiklere taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtady. Şeýle-de elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, şu ýylyň 25 — 27-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigine ünsi çekdi. Oktýabr aýynda bolsa ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
06.12
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi
06.12
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
top-arrow