Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 31.07.2024
2279

Halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan häzirki döwürde işjeň syýasaty alyp barýar. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary we dünýäniň esasy energetika kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ozal habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Türkmenistanyň energetika hepdeligi» atlandyrylan şu hepdäniň dowamynda milli nebitgaz toplumynda Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan we ençeme beýleki ýurtlardan bolan kompaniýalar bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyklarynyň we gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda iri we uzakmöhletli taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle yzygiderli işiň dowamy hökmünde türk tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 30–31-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Aşgabada sapary guraldy.

Şu gün türk ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi hem-de gaz, gazhimiýa, elektrik energetikasy pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, şeýle hem bilelikdäki işleriň meýilnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Öz gezeginde ministr Alparslan Baýraktar ikitaraplaýyn meseleleriň ähli ugurlary, şol sanda energetika meselesi boýunça gatnaşyklary berkitmekde Türkiýäniň taýýardygy barada Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.

Saparyň dowamynda degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen Türkiýä türkmen tebigy gazyny eltmek boýunça taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, türkmen nebithimiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, ozal halkara konsorsiumlaryň düzüminde türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde karbamid, suwuk ammiak, kükürt kislotasyny, sintetiki benzini (GTG) öndürýän iri kärhanalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşandygyny bellemek zerurdyr.

Energetika ulgamynda türk kompaniýalary bilen işleşmegiň baý tejribesine daýanyp, taraplar şeýle-de türk tarapynyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň känlerini – kaliý duzuny, ýody, demir magdanlaryny özleşdirmäge hem-de bu ýerde häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we eskporta niýetlenen önümçilikleri döretmäge gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine hem garaldy. Bu ugurda häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyndan ýakyn geljekde türk tarapyna türkmen elektrik energiýasyny ibermek mümkinçiligi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, türkiýeli hyzmatdaşlar dünýäniň öňdebaryjy elektroenergiýa kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanda häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy Türkmenistanyň içerki bazaryna, şeýle hem dünýä döwletlerine iberilýär.

Umuman, ministr Alparslan Baýraktaryň sapary Türkmenistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň strategik möhüm ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdaky işjeň ornuny aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow