Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 12.07.2024
2054

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 101,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 44, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 38 mejlisi geçirildi. Bu mejlisleriň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artdy we jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şeýle hem şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň görkezijileri barada aýdyldy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda senagat ulgamynda durnukly ösüş gazanyldy. Hususan-da, 40230,1 million kub metr tebigy gaz, 4163,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça 31,7 göterim, aýna listi boýunça 7,9 göterim, sement boýunça 6,8 göterim, tutulan balyklar boýunça 34,2 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleri boýunça 16,5 göterim, süýt önümleri boýunça 14,1 göterim, mesge ýagy boýunça 10,8 göterim, süýji-köke önümleri boýunça 5,6 göterim ösüş gazanyldy. Ulag-kommunikasiýa pudagynda-da öňegidişlikler gazanyldy. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim artdy. Oba hojalygynda şu ýylyň alty aýynda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen gök önümler 7,4 göterim, ýeralma 11,4 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,2 göterim, süýt 0,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,6 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — iýun aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn netijeler gazanyldy. Şunda ýüpek matalar 1,4 göterim, süýji-köke önümleri 5,9 göterim, mesge ýagy 15,3 göterim, süýt önümleri 14,5 göterim, unaş önümleri 64,1 göterim, çörek we çörek önümleri 7 göterim, gök önümler 9,3 göterim, ýeralma 5,8 göterim, süýt 0,5 göterim artdy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek we ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete karzlaryň gönükdirilmegi dowam etdirildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň görkezijisi ýokarlandy. Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli, maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmek babatda görkezme berildi. Şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Geljek ýylyň býujetini oýlanyşykly hem-de öz wagtynda düzmegi üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny gözegçilikde saklamak, ykdysadyýetde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmak, milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, onuň netijeliligini artdyrmak zerurdyr. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça hemişe degişli işleri geçirmegi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,9 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,3 göterim, dizel ýangyjynyň meýilnamasy 100,1 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 107,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmek, Hazar deňziniň sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmek, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gözlemek, ýüze çykarmak, özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek we bu işlere halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,7 göterim boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 107,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 880 million manada deň boldy. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,4 göterim, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan 132,6 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,3 göterime, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 112,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek, täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat, gurluşyk önümçiliginiň täze, döwrebap bilelikdäki kärhanalaryny döretmek zerurdyr.

Şeýle-de wise-premýere elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygyny alyp barmak, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek möhümdir. Şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 104,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda taýýarlanan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň, matalaryň önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 133,5 we 122 göterime deň boldy. Tikin, trikotaž önümleriniň ösüşi 104,4 göterime, gön önümçiliginiň ösüşi bolsa 118 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 101,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 147-si geçirilip, şolarda 14 müň 40 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 111,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 12 sergi we 65 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň geçen alty aýynda 112,1 göterime, senagat önümçiligi bolsa 103,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, R.Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä N.Orazgeldiýewi belledi.

N.Orazgeldiýew bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy we bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýän A.Durdyýewany belledi.

A.Durdyýewa bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak bilen, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça meseleleriň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli dabaralar, forumlar, konsertler guraldy. Şunuň bilen birlikde, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabaralary geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet sirkine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy”, “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.

Ýylyň başyndan bäri Medeniýet ministrligi tarapyndan “Türkmen keçesi” we “Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy” atly kitaplar, “Arkadag pähiminden dörän seýilgäh” atly kitapça we “Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň döwlet reýestri” çapa taýýarlanyldy we neşir edildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy geçirildi. Oňa birnäçe abraýly guramalaryň ýolbaşçylary we resmi wekiliýetleri gatnaşdylar. Şol döwürde daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.

Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň açylyşynyň bir ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýatlar we Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyrlary geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň we onuň çäklerinde dürli çäreleriň üstünlikli geçirilendigi barada aýdyldy. Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, şol ýerlerde geçirilen halkara medeni çärelere gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasynda, Ýaponiýada, Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.

Şeýle-de şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň teatrlarynyň, Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglyk ýagdaýy sebäpli, A.Aşyrowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinde işlän M.Rejepow bellenildi.

Hormatly Prezidentimize bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, M.Rejepow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ol döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine S.Begenjow bellenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ş.Purmämmedowy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek boýunça, şeýle hem halkymyzyň gadymy mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz döwrebap, many-mazmunly täze filmleri surata düşürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri ýola goýmak, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmak hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Wise-premýere ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralaryny neşir önümleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Geçen döwürde halkara ders bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilýän merkezi hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy has-da pugtalandy. Okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde jemi 156 altyn, 242 kümüş, 339 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. 1-nji synpa kabul ediljek çagalara sowgat beriljek noutbuk kompýuterleri bilen bagly degişli işler häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

2-nji iýunda tomusky dynç alyş möwsümine badalga berlip, Gökderedäki, Awazadaky, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde jemi 11 müňe golaý çaga dynç aldy. Ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar, ileri tutulýan ugurlar boýunça alymlary we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işi dowam etdirilýär. “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi.

Şu ýylyň birinji ýarymynda halkara ylmy forumlaryň birnäçesi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.

Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň raýatlarynyň derman we sarp ediş serişdeleri bilen elýeterliligi halkara talaplara laýyklykda üpjün edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler geçirildi. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlary sowgat berildi. Täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp baryldy. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi ulanmaga berildi.

Wise-premýer sport ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryş, Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Hasabat döwründe türgenlerimiz 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç medal gazandylar. Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi hem-de degişli güwänama gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, N.Amannepesowy, başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bellenilişi ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini täze gurulýan halkara merkezlerde netijeli ulanar.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatdy.

B.Orazdurdyýewa hormatly Prezidentimize bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamlaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görjekdigine ynandyrdy. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bilim ministri wezipesine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinde işlän J.Gurbangeldiýew bellenildi.

Bilim ministrliginiň täze ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine G.Ýusupowany belläp, ony şu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine O.Öwezsähedow bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Şu institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän B.Mämmedow bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda 2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda; ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda; 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýeriň we bu ulgamyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalary kämilleşdirilmelidir, mekdepler okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmagyň, lukmanlaryň tejribesini artdyrmak üçin amaly-tejribe saparlaryny guramagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem derman senagatyny has-da ösdürmek, ilaty ýokary hilli derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ylym babatda ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 105 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,4 göterim berjaý edildi.

Ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 105,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 149,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,7 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,7 göterime deň boldy.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde pudagara elektron maglumat alşygy ulgamyny ornaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Hasabat döwründe halkara forumlaryň we bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak, hilini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda degişli çäreleri görmek tabşyryldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak möhümdir. Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawlaryndan ruhlanan welaýatyň babadaýhanlary şu ýyl Watan harmanyna 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kärhanalaryna daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak, şol önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň zähmetsöýer daýhanlary 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň “ak altyn” meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki möwsümde ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýatyň edermen gallaçylary tarapyndan Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Häzirki wagtda orakdan boşan ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlamak üçin sürüm geçirmek, tohum taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda üstünlikli durmuşa geçirýän işlerinden ruhlanan welaýatyň gallaçy babadaýhanlary şu ýyl 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, galla kärhanalarynda talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Sebitde ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu ýyl welaýatyň gallaçy daýhanlary 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata ýetirmek, güýzki möwsümde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Sebitde gant şugundyrynyň ekişini talabalaýyk geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän uly goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,7 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 221,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 108,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,1 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 475,7 göterim ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, olary talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak işleri dowam etdirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de welaýatlarymyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek üçin ähli amatlyklary bolan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, salgytlaryň, ýerli ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak babatda görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtap, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny artdyrmak babatda guramaçylyk we usuly işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de çörek we çörek önümleriniň, beýleki galla önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň, azyk bolçulygyny döretmegiň, azyk senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk pudagyna önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz pagta we ýüpek, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler babatda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Oba hojalyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny öndürmek üçin zerur işleri geçirmegiň, kärendeçilere, beýleki oba hojalyk önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler geçirildi.

Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde ýokary derejedäki saparlardyr gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda saparlarda boldy. Hasabat döwründe Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.

Bellenilişi ýaly, 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Hökümetleriniň ýolbaşçylary Aşgabada iş sapary bilen geldiler. Abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýyl BMG-niň, ÝHHG-niň, Halkara Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary ýurdumyzda saparda boldular.

Daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, halkara derejedäki gepleşikler we duşuşyklar dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 98 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili bilen gepleşikler geçirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belläp, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa diplomatiýamyzy nazara alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda ýurdumyzda geçirilmeli halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 10-sy, şol sanda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň birnäçesi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Häzirki wagtda iş toparlarynda halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine hem-de bedenterbiýe we sport, sportda dopinge garşy göreşmek, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

13-nji iýulda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglarynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň geçirilendigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Ýylyň başyndan bäri Mejlisde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 26-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 23-si guraldy. Şeýle hem deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 10-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy.

“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy, köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça işler degişli guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylmalydyr. Geçiriljek bu işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, ýurdumyz boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny aýtdy we ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berildi. Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow