Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gahryman Arkadagymyz: Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn
Ykdysadyýet
Gahryman Arkadagymyz: Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn
Çap edildi 04.07.2024
2741

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýandygyny we onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Ulag-üstaşyr ulgam barada aýdylanda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemeli. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykmak arkaly Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistika nukdaýnazaryndan, bu örän amatly ýoldur.

«Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar. Biziň pikirimizçe, ulag gatnawlary üçin has amatly ýagdaýy döretmek, serhetleriň kesişýän ýerlerinde nyrh, gümrük we beýleki ýeňillikleri bermek barada gürrüň edilmelidir» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Şunuň bilen baglylykda, bu meseläni gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýratyn bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň we ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugry Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk-Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň pikirine görä, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişdeler, ykdysady we ulag kuwwatlyklaryny birleşdirmek bilen baglylykda, ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow