Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar
Syýasy habarlar
Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar
Çap edildi 04.07.2024
2057

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi.

«Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk biziň milli bähbitlerimize laýyk gelýär, sebit prosesleriniň barşyna we ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.

«Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow