Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan bilen Eýran gaz pudagyndаky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Ykdysadyýet
Türkmenistan bilen Eýran gaz pudagyndаky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Çap edildi 03.07.2024
220

1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklary müňýyllyklardan gözbaş alyp, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ilerledilýär. Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm hyzmatdaş ýurtlarynyň biridir. Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklar özara dialogyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler. Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Häzirki wagtda tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, uglewodorod serişdelerini sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu pudak tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Çig maly gaýtadan işlemekde ulanylýan ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ony ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär hem-de Merkezi Aziýa sebitinde gazy daşary ýurtlara iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlary olary dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň möçberini artdyrmak, ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geoykdysady ähmiýete eýedir. Bu energetika desgasy diňe bir türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň iri döwletlerine uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda-da kuwwatly binýat bolar. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, aýratyn-da, Owganystanda parahatçylygy pugtalandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň gaz pudagyndaky bilelikdäki işiniň oňyn tejribesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň berk binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak hem-de Eýrana tebigy gazyň goşmaça möçberini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometr bolan täze gaz geçirijini çekmek we gaz gysyjy desgalaryň 3-sini gurmak işleri ýerine ýetiriler. Munuň özi Döwletabat — Sarahs — Hangeran ugry we “Çaloýuk” gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen Eýran ugry boýunça iberilýän tebigy gazyň häzirki möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, türkmen tebigy gazy “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna iberiler. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri barada Metbugat habarnamasyna gol çekildi.


Soňky habarlar
06.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
06.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
06.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary arasynda duşuşyk geçirildi
06.07
Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
06.07
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy
06.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi
05.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.07
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi
05.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.07
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow