Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 28.06.2024
2873

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Siziň gatnaşmagyňyzda Köpetdagyň gözel tebigatly künjeginde geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açyldy.

Parahatçylygyň hem-de dost-doganlygyň şäherine halkara sylaglaryň 20-den gowragynyň gowşurylandygy örän buýsandyryjydyr. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerine, binagärlikde, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmakda, ekologik abadançylygy üpjün etmekde gazananlaryna berýän ýokary bahasyndan nyşandyr. Täze taryhy döwrümizde Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetlidir. Bu iri taslama ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegidir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesini alan bu şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Siziň baştutanlygyňyzda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk taslamalary halkymyzyň şöhratly geçmişiniň dowamaty, bagtyýar şu gününiň nusgasy, nurana geljeginiň güwäsi hökmünde äleme ýaň salýar. Bu ajaýyp mekanda taryh üçin juda gysga döwürde döredilen Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy hem-de guwanjydyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Ata-babalarymyzyň häzirki nesillere miras galdyran döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň beýanyny tapýar. Muny Siziň tagallalaryňyzyň netijesinde bina bolan döwrebap şäherleriň, obalaryň gurluşyklarynyň tejribesinde görmek diýseň guwandyryjydyr. Arkadag şäheriniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde-de ilkinji «akylly» şäher hökmünde abraýy barha artýar. Türkmenistany syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn goşant goşan şahsyýetlere uly sarpa goýmagyň nyşany hökmünde bu ýerdäki ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş edaralaryna olaryň atlarynyň dakylmagy çuňňur oýlanyşykly, pähim-parasatly çözgüt boldy.

Arkadag şäheriniň gözel binalary, belent ymaratlary ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşany bolup dabaralanýar. Halkymyzyň arzuw-umytlarynyň myradyna gowuşýan zamanasynda döwletimiz gülläp ösýär, halkymyza ýeneki täze sepgitler, nurana geljek garaşýar. Bu künjekde ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we bu ugurda halkara tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagy arkaly gurlan ylym, bilim, medeniýet merkezleri «akylly» şäheriň ýokary derejeli halkara forumlaryň, maslahatlardyr duşuşyklaryň, festiwallaryň geçirilýän ýerine öwrülmegini şertlendirýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen täze şäheriň geljekde has uly rowaçlyklara ýetjekdigine, belent mertebä eýe boljakdygyna ynanýaryn. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary hem bu hakykaty tassyklaýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň hatarynda köp sanly durmuş-jemgyýetçilik we inženerçilik-tehniki desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik toplumlarynyň bolmagy şäheriň geriminiň barha giňeljekdigini, bu ýeriň ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň yhlasly zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň dörediljekdigini aýdyň görkezýär.

Agzybir halkymyz bu günki gün eşretli durmuşyň hözirini görüp, belent maksatlaryň myrat tapýan döwründe, asuda asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de uly ösüşleri gazanyp, ynamly öňe gitjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
top-arrow