Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 27.06.2024
1669

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, bu saparyň hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Köp ýyllardan bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, parlamentara we beýleki wajyp ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Umumy pikire görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň golaýda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Şol saparyň çäklerinde möhüm ylalaşyklar gazanyldy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Türkmenistan milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirip, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Koreý Lideriniň saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylandygy hem tötänden däldir.

Foruma gatnaşanlar köpýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirip, bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň birnäçesini kesgitlediler. Şolaryň hatarynda nebit we gazhimiýa, energetika ulgamlary, ulag-kommunikasiýa toplumy, logistika, gämigurluşyk, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar. Bu pudaklar bilen bir hatarda, koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, giň gerimli “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge, milli we sebit ähmiýetli beýleki möhüm taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Mälim bolşy ýaly, ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri ulanmakda Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň uly goşandy bar. Iki ýurduň durmuşa geçiren we meýilleşdirýän bilelikdäki taslamalary, iri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzyň dürli ulgamlaryndaky, ilkinji nobatda, nebitgaz hem-de himiýa senagatyndaky netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Şunda ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň netijeliligine, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Şeýle-de ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýasynyň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow