Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Çap edildi 27.06.2024
2130

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny şanly sene — beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.

Magtymgulynyň baý döredijilik mirasynda türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, pähim-paýhasa ýugrulan däp-dessurlary, belent ruhy-ahlak gymmatlyklary, kuwwatly we berkarar döwlet baradaky arzuwlary öz beýanyny tapýar. Şahyryň arzuwlary häzirki döwürde hasyl boldy, onuň ynsanperwer taglymlary bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Asyrlar geçse-de, görnükli akyldaryň eserleri öz ähmiýetini ýitirmeýär. Onuň goşgularynda Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklary aýdyň beýan edilýär. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täze güýç bilen ýaňlanyp, dünýä halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň ilçisi bolup durýar.

Beýik Magtymgulynyň bir şygrynda şeýle setirler bar:

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.

Bu gün Siz şu taglymlara eýerip, Türkmenistana parasatly baştutanlyk edýärsiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Ýurduňyzyň Magtymguly Pyragynyň ýubileýini abadançylykda we uzak möhletleýin milli ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän ýagdaýynda bellemegi guwandyryjydyr.

Sankt-Peterburg bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Russiýanyň demirgazyk paýtagty Magtymguly Pyragynyň ýubileýini baýram etmäge işjeň gatnaşýar. Biziň şäherimizde Gündogaryň beýik akyldaryna bagyşlanyp döredijilik agşamlary, konsertler, interaktiw çäreler geçirilýär.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Aleksandr Beglow,

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.



Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow