Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 27.06.2024
915

Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tanalmaz derejede özgerýär. Eziz Diýarymyz beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýet ulgamynyň ösüşleri jemgyýetiň bitewüligini, milletiň ruhy galkynyşyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, täze medeni maksatly desgalary gurmaga döwletimiz tarapyndan iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurlup ulanmaga berilýän medeni aň-bilim edaralary, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar, sirkler, medeniýet öýleri bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, raýatlary il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanda we dünýä döwletlerinde üstünlikli geçirilýän Medeniýet günleri dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir.

Garaşsyz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň başynda jem bolup, giňden belleýär. Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys.

Eziz watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda şeýle belleýär:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu gün Magtymguly Pyragy Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galyp, berkarar döwletimize, bagtyýar halkymyza buýsançly nazary bilen seredýär. Akyldar şahyryň belent başly ýadygärliginde şekillendirilen nurana keşbindäki buýsanç türkmen döwletiniň baky berkararlygyna bolan beýik ynamdyr.

Mähriban türkmen halkym!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow