Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 16.06.2024
415

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Sizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Biribardan bizi jebisleşdirýän bu mübärek baýramyň tutuş adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini dileýärin.

Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňiz, Sizi dünýäniň ähli musulmanlary üçin hoşniýetliligiň, hoşallygyň we sahylygyň nyşany bolan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin! Şu mukaddes günlerde taryhynyň, dininiň we medeniýetiniň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Sizi we Siziň ýurduňyzyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň doganlyk halklarymyzy medeni-ruhy gymmatlyklaryň, şol sanda ähli musulman ymmaty üçin mukaddes bolan şu baýramyň umumylygyndan gelip çykýan dostluk hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Gurban baýramynyň mizemez ýokary ruhy başlangyçlarynyň ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Şu şatlykly günlerde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk we ösüş arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýüzýyllyklaryň dowamynda bu mukaddes baýram hoşniýetlilik, rehimdarlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny, adamlary jebislige, ylalaşyklylyga çagyrýan maşgala däplerini alamatlandyryp gelipdir.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Bu nurana baýram günlerinde Beýik Biribardan Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk dileýärin. Size jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Yslam dünýäsiniň jebisliginiň nyşany bolan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Azerbaýjanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Biz Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda taryhy-medeni kökleriň umumylygyna, doganlyga, ynanyşmaga, özara goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine berk ynanýaryn.

Bu mübärek baýram gününde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň, şeýle hem ýurduň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine, doganlyk türkmen halkyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň we dünýäniň ähli halklaryna bolsa rowaçlyk, rysgal-bereket dileýärin.

Baýramyňyz gutly bolsun!

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
19.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.07
Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
18.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
18.07
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
top-arrow