Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Çap edildi 30.05.2024
509

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, bu ýerde häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň şu ugra gönükdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, binagärlik keşbiniň sazlaşyklylygynyň we ekologik derejäniň üpjün edilmegi Arkadag şäheriniň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň daşky bezeg işlerine, “Saglyk” seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, täze şäheriň Akhan we Polatly binalarynyň arasyndaky köçäni abatlamak bilen bagly meýilleşdirilen işler, Aşgabat — Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň we desgalaryň bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylary, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Şunda binalardyr desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagy, ekologik kadalaryň saklanmagy we uzak möhletleýinliginiň, göze gelüwliliginiň göz öňünde tutulmagy wajyp wezipe bolup durýar. Täze şäherde bina edilýän seýilgähleriň bezeg işlerine, olarda dynç almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine, seýilgähiň çäkleriniň germewleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Aýratyn-da, bu ýerlerde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, ozal bar bolanlaryna ýokary derejede ideg edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanylmalydyr.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, muzeýiň bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Her bir desganyň bezeg aýratynlyklary onuň ähmiýetine laýyk gelmelidir. “Akylly” şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydyr. Önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgam we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylmalydyr. Şunda şäheriň ekologik taýdan arassa bolmagyny, binagärlik keşbiniň daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur tagallalar edilmelidir. Munuň üçin şäheriň köçelerinde, daş-töwereginde köp sanly bag nahallarynyň oturdylmagyna, köçeleriň yşyklandyryş ulgamynyň, meýdançalaryň hem-de ýollaryň gyrasynda oturdylýan bezeg serişdeleriniň döwrebaplygyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gahryman Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi” atly kitabynda beýan edilen haly we haly önümleriniň gölleriniň, nagyşlarynyň şekilleriniň öwrenilip, olar boýunça birnäçe bezeg serişdeleriniň öndürilendigi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygyndaky işleriň ýokary hilli bolmagynyň we olaryň batly depginde dowam etdirilmeginiň häzirki döwrüň wajyp wezipesidigini belledi. Şunda Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna-da örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäherde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän işleriň häzirki zamanyň gurluşyk-inženerçilik talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda binalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiliniň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde D.Orazowyň we G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, olary ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady hem-de täze şäherde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişiň, bu ýerde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamalary we olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary baradaky hasabatlar diňlenildi.

Arkadag şäheriniň häkimi Gahryman Arkadagymyza şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda täze şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda, bu ýerde haly kärhanasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti boljak haly kärhanasynda eli çeper zenanlaryň zähmetinden türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokaljakdygyna ynam bildirildi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz geçen asyryň 20-nji ýyllarynda döredilen Gökdepe çeper haly fabriginiň soň ýurdumyz boýunça öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrülendigini, onda ussat halyçylaryň zähmetinden ajaýyp halylaryň dokalandygyny aýtdy. Bu ýerde köp sanly halyçylar, öýdeçi halyçylar zähmet çekip, gadymdan galan nusgalara täzeçe öwüşgin berdiler we milli haly sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşdular. Gökdepe çeper haly kärhanasynyň ussat halyçylarynyň dokan halylarynyň döwlet derejesinde geçirilen sergilere gatnaşdyrylandygyny, olaryň halylarynyň baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny, bu kärhananyň halyçylarynyň al nagyş gölli, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili ýerleşdirilen, taryhda yz goýan şahsyýetleriň keşpleri ýerleşdirilen we türkmen tebigatynyň ajaýyplygy şekillendirilen halylaryny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Çeper halylaryň birnäçesiniň daşary ýurtlara eksport edilendigini, 2002-nji ýylda bolsa ÝUNESKO tarapyndan Türkmenistanda geçirilen haly bäsleşiginde al nagyş gölli halynyň baýrakly orna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halylary, olary dokamak sungaty asyrlar aşyp gelýän edep-terbiýe mekdebidir. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdeplerde ýaş okuwçy gyzlaryň arasynda el hünäri boýunça ýörite sapaklaryň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Halyçylygy, keçe önümleriniň taýýarlanylyşyny ösdürmek häzirki döwrüň möhüm wezipesidir. Halylar we haly önümleri türkmen toýlarynyň esasy bezegidir. Bu sungatyň ösdürilmegi ýagşy dessurlaryň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Iş maslahatynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda lukmançylyk klasterine degişli binalar, olaryň enjamlaşdyrylyşy we ýerli çig mallardan öndüriljek lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri barada hasabat berildi. Lukman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda bar bolan ýerli çig mallara, olardan taýýarlanylýan lukmançylyk serişdelerine dünýä bazarlarynda uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, bu babatda alnyp barylýan işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýerine ýetirmek bilen bagly birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen tanyşmak üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Merkeziň ştab-kwartirasynda Milli Liderimiz gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Lukman Arkadagymyz, ilki bilen, maslahata gatnaşyjylary ýetip gelýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmegi, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagy hem esasy ugur edinýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň köpugurly hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň berlendigi we bu işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi, gaznanyň howandarlygynda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça ders olimpiadasynyň geçirilendigi, çagalar atçylyk toparyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň hemaýat bermeginde häzirki döwre çenli köp sanly näsag çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigi, olaryň bu günki gün bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygy aýdyldy. Munuň özi howandarlyga mätäç çagalaryň hajy Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary esasynda üns-alada bilen gurşalandygynyň, olaryň jemgyýetimiziň doly derejeli raýatlary bolup ýetişmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň we ýurdumyzda haýyr işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň beýanyna öwrüler.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bu ýerde ýüzlerçe çaganyň saglyklarynyň berkidilendigi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, merkeziň lukmanlarynyň bir toparynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kliniki merkezlerinde bolup, oňyn tejribe toplandygy hakynda aýdyldy. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini görkezýär. Merkeziň ýolbaşçysy toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygy üçin ähli lukmanlaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem bu ýerde bejergi alýan çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi, körpeleriň Arkadag şäherine gezelençlerini guramak, olaryň dürli hünäriň eýeleri bolmagyny esasy ugur edinýän gurnaklaryň netijeli hereket etmegi bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu çäreleriň lukmançylyk bejergileriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getirýändigine ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäde ykrar edilen düzüme öwrülendigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli ilerledilmelidigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmelidigini nygtady we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda ähli adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň saglygy baradaky aladany döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklaýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň we ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere-de zerur üns berilmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
04.07
2024-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
04.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
04.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy
04.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
04.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
04.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny beýan etdi
04.07
Aşgabat ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar
04.07
Gahryman Arkadagymyz: Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn
04.07
Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar
top-arrow