Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 22.05.2024
2642

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan

Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparyňyz we “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýylky mejlisine gatnaşandygyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy kabul etmegiňizi Sizden haýyş edýärin. Iberen hatyňyz we geçirilen çärelere beren ýokary bahaňyz üçin sagbolsun aýdýaryn.

Bu forum ýurdumyzyň hem-de yslam dünýäsiniň döwletleriniň özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegi üçin esasy meýdança bolup durýar. Ol Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik, durmuş-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Doganlyk Türkmenistanyň ýokary wekiliýetini kabul etmek biziň üçin uly hormat boldy. “Kazan EKSPO” halkara sergiler merkezindäki sergide ýurduňyzyň milli diwarlygynyň guralandygy üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size köp sanly ýurtlardan syýasatçylaryň, alymlaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň we dini ýolbaşçylaryň gatnaşmaklarynda “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýylda geçirilýän mejlisine esasy hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyňyz üçin aýratyn hoşallygymy bildirýärin! Mejlise gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Siziň çuň mazmunly çykyşyňyzy uly üns bilen diňlediler. Çykyşyňyz “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň işine, şeýle-de halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde möhüm goşant bolar.

Çuňňur hormatlanylýan

Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Tatarystana amala aşyran saparyňyzyň we Kazanda geçirilen gepleşikleriň rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynanýaryn. Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak hem-de hoşallyk bilen,

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — Yslam dünýäsi”

strategik garaýyş toparynyň başlygy.

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow