Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 18.05.2024
1601

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly buýsançdygyny belläp, hormatly Prezidentimizi şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýän bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda zenanlaryň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döreden “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly foruma ünsi çekip, şeýle maslahatlaryň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.

Hanym Şen Ýueýue bu çäräniň türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, iki dostlukly halkyň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmakda, halklary parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine has-da ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Şeýle-de myhman Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, köptaraplaýyn esasda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan üstünlikli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Medeni-ynsanperwer ugur hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, köp sanly türkmen ýaşlarynyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, Türkmenistanyň birnäçe ýokary we orta okuw mekdeplerinde hytaý diliniň öwredilýändigi aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary Mejlisiň düzümi hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, parlamentara dialog iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, kanun çykaryjylyk we parlament işini döwrebaplaşdyrmak boýunça tejribe alyşmagy işjeňleşdirmekde parlamentara dostluk toparlarynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
06.12
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi
06.12
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
top-arrow