Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Demirgazyk sebitiň tarp ýerlerinde döredilen oba ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär
Jemgyýet
Demirgazyk sebitiň tarp ýerlerinde döredilen oba ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär
Çap edildi 06.01.2017
1879

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda Oguzboý obasynyň ýaşaýjylary täze suw geçirijisine eýe bolar. Onuň gurluşygy ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy hatardan çykan enjamlaryň hem-de arassalamagyň köne usullarynyň çalşylmagyny, suw akymyny batlandyryjy desgalaryň gurulmagyny, arassaçylyk, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyny özünde jemleýär. Uzynlygy 11 kilometr bolan suw geçirijiniň gurluşygyny “Asly berk” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Häzirki güne çenli obada geçirijileriň çekilmegi tamamlandy, suw gatlalarynyň gurlyşygynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Geljekki suw sorujy bekediniň ýerleşen ýerine uzynlygy üç kilometrden gowrak bolan täze elektrik geçiriji çekildi. Täze suw desgasynyň ulanmaga berilmegi obada jemagat-hojalyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini aýawly hem-de oýlanyşykly ulanmagyň esasynda ýurdumyzda hemme ýerde arassa agyz suwuny çykarýan kärhanalar gurulýar, täze suw geçirijiler gurlup, olaryň ozalky bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Demirgazyk sebitiň tarp ýerlerinde ýakynda döredilen diňe Ruhubelent etrabynda “Tüni derýa” geňeşliginde we etrabyň dolandyryş merkezinde arassa agyz suwuny öndürýän kärhanalar guruldy, şol ýrlerde suw geçiriji ulgamlarynyň onlarça kilometri çekildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow