Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 14.05.2024
1506

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, onuň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Ýurtlarymyz halkara giňişlikde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Iki döwletiň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir. Bu dialog hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy hormatly Prezidentimizi bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ol hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklary nygtaldy.

Şeýle hem geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi aýdyldy. Bu serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şu maksat bilen, ýörite guramaçylyk topary döredildi we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň ösüşinde we bütindünýä sergileriniň taryhynda möhüm waka boljak “EKSPO — 2025-iň” üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Jenap Endo Toşiaki hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy bu sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Iki ýurtda yzygiderli geçirilýän sergiler, Medeniýet günleri we beýleki çäreler bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy döwletara hyzmatdaşlygyň özara hoşmeýilli erk esasynda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda sebit derejesinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Hususan-da, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekillerini birleşdirýän parlamentara dostluk toparynyň nobatdaky duşuşygy hem geçirildi.

Parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak işini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem toparyň işiniň ileri tutulýan ugurlary, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
18.03
Hususy pudagyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
18.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
18.03
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirilýär
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär
17.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 59 million 651 müň dollaryndan gowrak boldy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow