Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy
Çap edildi 29.04.2024
3482

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Maltanyň, Gruziýanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 584 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow