Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gökderede dynç alyş möwsümi
Jemgyýet
Gökderede dynç alyş möwsümi
Çap edildi 02.01.2017
2322

Şu gün paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Gökderäniň ajaýyp dynç alyş toplumlaryna ugratmak dabarasy boldy. Bu ýerde gyşky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaş raýatlary üçin Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çykyşlary guraldy. Köşgüň gurnaklarynda bilim alýan çagalar bu ýerde hakyky gyş ertekisini janlandyrdylar. Dabara bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ene-atalar, şäheriň köpsanly ilaty, şeýle hem Täze ýyl baýramynyň baş garymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk gatnaşdy. Bu ýere ýygnananlar çagalara ak ýol arzuw edip, olaryň bagtyýar durmuşy, ýaş nesilleriň zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýandygyny nygtadylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ajaýyp bilim edaralarynyň, sport we dynç alyş merkezleriniň köpçülikleýin gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Dynç alyş günlerinde wagtyňy şadyýan, işjeň we peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilen dynç alyş sagaldyş merkezleri çagalaryň döwrebap terbiýelenmeginde möhüm orun eýeleýär. Çagalar täze okuw möwsümine güýç toplap, saglyklaryny berkidip, zerur endikleri, täze bilimleri ele alyp, döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Bu gezekki möwsümde dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň 14-sini özünde jemleýän Gökderede mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirerler. Kompýuter we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça gyzyklanmalar esasynda gurnaklaryň işi göwnejaý ýola goýlupdyr. Şeýle hem mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlamak boýunça deslapky okuw-usuly çäreler geçirildi. Mugallymçylyk hünärini ele alýan talyplaryň ýüzlerçesi mugallymlaryň işjeň kömekçiler bolar. Bu möwsüm olar üçin okuw-önümçilik tejribesine öwrüler we ol hünär ukybyňy baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetlidir. Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalary, Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilelikde dynç alyş möwsümi üçin degişli maksatnamany taýýarladylar. Merkezde çagalaryň höwesine laýyklykda dürli okuwlar, bäsleşikler, duşuşyklar, sahnalaşdyrylan çykyşlar, edebi okaýyşlar, sport hem-de paýhas synanyşyklary we konsertler, çagalar kitaphanalarynyň göçme sergileri, sirk artistleriniň we Döwlet gurjak teatrynyň çykyşlary guralar. Gökderede geçiriljek dynç alyş möwsüminiň maksatnamasyna paýtagtymyz hem-de onuň gözel ýerleri, Janly tebigatyň milli muzeýi, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi we “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähi boýunça gezelençler girizildi. ... Bu ýerde guralan dabara tamamlanandan soň, çagalar baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslara mündüler. Olaryň ene-atalary we dostlary çagalara ýagşy arzuwlaryny aýtdylar. Çagalaryň ulag kerweni türkmen topragynyň gözel künjekleriniň biri bolan Gökderä tarap ýola düşdi. Şeýle hem dynç alyş merkezlerinde çagalary garşylamak dabarasy we belli artistleriň, medeniýet işgärleriniň, çagalar döredijilik toparynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri guraldy.

Soňky habarlar
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
top-arrow