Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar
Ykdysadyýet
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar
Çap edildi 14.12.2023
1476

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen bu hünär baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagy, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Ýurdumyzda energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Şu gezekki çärä ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu waka mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny hem-de gaz geçiriji ulgamlaryny döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin köp işler alnyp barylýar. Hususan-da, Garaşsyz Diýarymyzyň günorta-günbatarynda birnäçe täze nebitli ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini we gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. “Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Çykyş edenler energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň örän uly syýasy we ykdysady ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini giňeldýär. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän isleg barha artýar. Şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap gazhimiýa toplumlary gurulýar we ulanmaga berilýär.

Çärä gatnaşyjylar «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny we durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary, sanly çözgütler esasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle-de nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende hem-de sarp edijilere ýetirilende, ekologiýanyň we daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmegiň wajypdygy bellenildi. Şol maksat bilen, ýurdumyzda birnäçe milli maksatnamalar kabul edildi. Olara laýyklykda, howanyň üýtgemegine täsiri peseltmek, metan zyňyndylarynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň belent münberinden Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli zähmetde aýratyn tapawutlanan nebitçilere, gazçylara, geologlara we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki işgärlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra «Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyn etsin diller, saňa buýsanjym» şygary astynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşik «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan nebitgaz senagaty pudagynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde, pudagyň işgärleriniň arasynda nebitgaz toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny beýan edýän iň gowy makalalar, oçerkler, hekaýalar, fotoreportažlar boýunça yglan edildi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça edilýän aladalar, türkmen nebitçilerine, gazçylaryna we geologlaryna bildirilýän uly ynam, olaryň netijeli işlemekleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekleri ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy.

Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Soňky habarlar
05.05
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
03.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.05
“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
03.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar
02.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.05
Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
01.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
30.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow