Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 12.12.2023
2487

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga örän şatdyryn.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi Siziň köpmilletli döwletiňiziň dünýäniň ýurtlary bilen dostlugynyň we raýdaşlygynyň, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýär.

Elbetde, biz doganlyk Türkmenistanyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny, sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, hemmetaraplaýyn gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlaryny hemişe işjeň goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda täze taryhy sepgitlere ýetendigimizi we ýokary derejedäki dialogymyzy işjeňleşdirmegiň hasabyna strategik hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrandygymyzy kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Garaşsyz Türkmenistan tarapyndan yglan edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän hemişelik Bitaraplyk syýasaty sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär, halkara giňişlikde dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Bitaraplyk ýörelgelerine eýerilmeginiň Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we sebitdäki, dünýädäki abraýynyň pugtalanmagyna ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, ýokary döwlet wezipesindäki işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Sergeý Lebedew,

GDA-nyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow