Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 11.12.2023
2107

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaýaryn.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi we ýurduňyzyň ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlylygy parahatçylyga hem-de syýasy hyzmatdaşlyga garşy dürli wehimleriň döreýän häzirki şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Häzirki döwrüň kynçylyklaryna garamazdan, Minskiniň we Aşgabadyň iki ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özara bähbitli netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, öňde goýan maksatlaryňyzy durmuşa geçirmekde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde ägirt uly ornunyň bardygyna ynanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipäňizdäki jogapkärli işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow