Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Zimbabwe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Zimbabwe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 07.12.2023
2450

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupembadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Zimbabwe Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy. Şeýle-de ilçi Mejlisiň düzümi, alyp barýan işleri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmekde milli parlamentiň orny bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mazmun taýdan baýlaşdyrmaga itergi berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat parahatçylyk söýüjilik syýasaty we netijeli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň goldawyna mynasyp bolýan Bitarap Türkmenistanda Zimbabwe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Braýt Kupembany Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri hem-de ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Zimbabwe Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli aýtjaklaryna, esasan-da, Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymyzy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Emmerson Dambudzo MNANGAGWA,

Zimbabwe Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
10.07
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
09.07
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
09.07
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
09.07
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
08.07
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
07.07
Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
top-arrow