Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy.
Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Diýarymyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, beýleki degişli desgalar guruldy. Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik döretdi. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlygyny artdyrmakda, Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde derejesini pugtalandyrmakda 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem uly ähmiýete eýe boldy.
Şeýlelikde, Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy hökmünde dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli ýaryşlary guramak bilen, Olimpiýa hereketiniň giňeldilmegine hem-de wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly goşant goşýar. Şu gezekki Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň 4 yklymyndan — Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta we Demirgazyk Amerikadan türgenleri bir ýere jemläp, köp döwletlerde uly gyzyklanma döretdi. Bularyň ählisi öz taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, milli baýramlaryň we toýlaryň aýrylmaz bölegi bolan göreşiň kuraş görnüşine yzygiderli artýan gyzyklanmanyň nyşanydyr. Urgulary, agyrdyjy tilsimleri ulanmak gadagan edilen guşakly göreşiň bu görnüşi XX asyrdan başlap tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda uly meşhurlyga eýe boldy.
Ýurdumyzda 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň döredilmegi bilen, başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi okgunly ösüşe eýe boldy. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy Halkara kuraş assosiasiýasynyň hem-de Aziýanyň we Okeaniýanyň Kuraş konfederasiýasynyň düzümine kabul edileninden soňra, göreşiň bu görnüşi boýunça türkmen türgenleri dünýä çempionatlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara, şol sanda Aziýa kenarýaka oýunlaryna, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna, Aziýa çempionatlaryna gatnaşyp gelýärler. Dürli ýyllarda geçirilen bu ýaryşlaryň ählisinde ildeşlerimiz ýokary üstünlikleri gazanyp, Watanymyza medally dolanyp geldiler. Aşgabatda guralýan şu gezekki dünýä birinjiligine çenli türkmen türgenleri Eýranda, Türkiýede, Koreýa Respublikasynda we Hindistanda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň dördüsinde, umumylykda, 2 altyn, 7 kümüş we 12 sany bürünç medal gazanyp, hormat münberine 21 gezek çykmagy başardylar.
Häzirki dünýä çempionatynda hem türgenlerimiziň ýeňişli ýollary dowam etdirilýär. Bu ýaryşda erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirilýär. Şu gün erkekleriň arasynda iň ýokary üç agram, zenanlaryň arasynda hem bäş agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi. Bu agram derejeleriniň hersinde-de türkmen türgenleri medallara mynasyp boldular.
Ýaryşyň birinji gününiň jemleri boýunça ildeşlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ol çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykdy. Ýaryşda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ikinji altyn medaly Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli) gazandy. Dört ýyl mundan ozal bu türgen Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen ýaryşda Aziýanyň çempiony boldy. Ine, bu gezek hem ol ýarym çärýek finalda hindistanly Sina Sinadan, ýarym finalda wýetnamly Li Hýun Tuon Widen, finalda bolsa eýranly Donýa Agaýdan üstün çykyp, dünýä çempiony boldy. Bu agram derejesinde eýranly türgen kümüş medala, Li Hýun Tuon Wi (Wýetnam) kümüş medala we Azhar Salykowa (Gazagystan) bürünç medala mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň toparynda kümüş medallara 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň wise-çempiony we 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Aýşirin Haýdarowa, 2019-njy ýylyň dünýä çempiony we Huançžouda (Hytaý) geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Aýnur Amanowa hem-de Sanjar Abdyrahmanow mynasyp boldy. Aýşirin Haýdarowa kümüş medaly 48 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde özbegistanly Ulbusin Hakimowa ýeňiji bolsa, indoneziýaly Sawira Dia Fitri Rizkianti we türkiýeli Begumnaz Dogruýol bürünç medala mynasyp boldular.
Aýnur Amanowa ikinji orna 52 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde özbegistanly Hilola Ortikboýewa dünýä çempiony boldy. Bürünç medallara bolsa Nada Aşraf (Müsür) we Ýu-Suan Çuan (Hytaý Taýpeýi) mynasyp boldular. Sanjar Abdyrahmanow kümüş medala 90 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medaly Erkin Kozokow (Özbegistan), bürünç medallary bolsa Masud Gawibazu (Eýran) we Žamalbek Asylbek Uulu (Gyrgyz Respublikasy) gazandylar.
Türkmenistanyň toparynda bürünç medallara Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow we Sapa Sapaýew mynasyp boldular. Gülşat Annaýewa bürünç medaly 57 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde bürünç medala Rauza Nurmahammetowa-da (Gazagystan) mynasyp boldy. Ýaryşda kümüş medala Pardis Eýdiwandi, altyn medala bolsa Nguen Thi Biç Ngok (Wýetnam) mynasyp boldular. Ruslan Esgerow 100 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem bu agram derejesinde bürünç medala Firdawsu Nasimow (Täjigistan), kümüş medala Hamed Raşidi (Eýran), altyn medala bolsa Jamşid Mamatrahimow (Özbegistan) mynasyp boldular. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde birinji orny Muhsin Hisomiddinow (Özbegistan), ikinji orny Abdulfazl Torabi (Eýran), üçünji orny bolsa Sapa Sapaýew (Türkmenistan) we Hurşed Majidow (Täjigistan) eýelediler.
28-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda dört we zenanlaryň arasynda üç medal toplumy ugrunda tutluşyklar geçiriler.