Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Çap edildi 24.12.2016
2201

BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramçylyk dabarasy guraldy. Baýramçylygyň esasy nyşany—dürli reňkli öwşün atýan oýnawaçlar bilen bezelen owadan arça öz daşynda köşgüň çagalaryny we terbiýeçilerini hem-de çagalar bilen şatlygyny paýlaşmaga gelen köpsanly myhmanlary ýygnady. Baýramçylyk çäresini Bilim ministrligi hem-de Medeniýet ministrligi, jemgyýetçilik guramalary we Aşgabat şäheriniň häkimligi guradylar. Çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy olar üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursat boldy. Döwlet Baştutanymyz ene-atanyň hossarlygyndan mahrum bolan ýurdumyzyň körpe raýatlary barada atalyk aladasyny edýär hem-de olara täze ýyl sowgatlaryny iberýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlar çagalaryň ruhuny has-da belende galdyrdy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Baýramçylyk dabarasyna gelen Aýazbaba şadyýan täze ýyl aýdymyny ýerine ýetirdi. Çagalar şowhunly tanslary ýerine ýetirdiler, olara BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň “Joşgun” toparynyň tansçylary hem-de Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Şatlyk” toparyndan bolan dostlary-da goşuldy. Baýramçylyk lybasyna beslenen çagalar döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileriniň—belli estrada aýdymçylarynyň, şol sanda Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Annanowanyň çykyşlary astynda owadan arçanyň daşynda aýlandylar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Şowhun” sirk toparyndan bolan maýmynjygyň we totuguşuň çykyşlary bolsa çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň çagalara iberen ajaýyp sowgatlary hem-de hoş owazly konsert Täze, 2017-nji ýyly garşylamak dabarasyny körpeler üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwürdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow