Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri çözülýär
Jemgyýet
Türkmenistanda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri çözülýär
Çap edildi 23.12.2016
1851

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek boýunça Karara gol çekdi. Bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlary öňe sürýär, iri taslamalary durmuşa geçirýär we sebit, ählumumy gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri görýär. Şunda, Aral deňzini halas etmek, onuň çäklerinde durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda hem-de tutuş sebitde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli we tebigaty goramak ähmiýetli syýasaty durmuşa geçirmek bilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we Aral deňzini halas etmegiň Halkara gaznasynyň howandarlygynda guralýan halkara maksatnamalaryna we çärelerine işjeň gatnaşýar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow