Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar
Ykdysadyýet
Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar
Çap edildi 26.10.2023
2962

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýardygyny aýtdy.

«Häzirki döwürde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Biziň esasy wezipämiz ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalaryna goşant goşmakdan ybarat bolup durýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýulýar, onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seleksiýa ulgamyny ösdürmek we täze iş tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi we tejribe alyşmagy teklip edýäris. Bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygymyzy beýan edýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gün bütin dünýä howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar.

«Biz ýurtda suw üpjünçilik we suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlygyna hem ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini rejeli ulanmak we suwy tygşytlama tilsimatlaryny ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baş wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.

«Galyberse-de, anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň we ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi ýaly taslamalar barada bellemek bolar. Bu ugurlarda hem degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýardygymyzy nygtamak isleýäris» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýratyn üns çekdi.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow