Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 12.10.2023
2419

Onuň Alyhezreti, 

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Berline amala aşyran saparyňyz hem-de 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen “Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek” mowzugy boýunça duşuşyga işjeň gatnaşandygyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Aşgabatda bolan duşuşykdan soňra Sizi we türkmen wekiliýetini Berlinde mübäreklemek meniň üçin uly hormat boldy. Biziň ykdysady gatnaşyklarymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandygymyz bilen baglylykda, german işewür toparlary Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler. Germaniýa, ilkinji nobatda bolsa, Kansler Şols bu çakylyk bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem sebitleriň, ýagny Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uly kuwwatynyň bardygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Bilelikde belent sepgitlere ýetip bolýar! German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň bu formaty saklap galmagy başarandygy meniň üçin aýratyn ýakymlydyr. Şu komitetiň çäklerinde Berlinde bolan duşuşygyň barşynda kesgitlenen ulgamlarda, aýratyn-da, oba hojalygynda bilelikdäki anyk taslamalary ilerledip biljekdigimize ynanýaryn.

Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Aşgabada gelmäge çakylyk we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda geçirilen giň gerimli, haýran galdyryjy dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirýärin. Bu baýramçylyk bilen Sizi ýene-de bir gezek gutlamak isleýärin. Elbetde, şol günlerde Siziň bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen netijeli söhbetdeşlikler aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýäris we Berlinde nobatdaky bilelikdäki işewürlik maslahatynyň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Katrina Klaas-Mýulhoýzer,

GFR-iň “CLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy,

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşyjylara
27.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
27.03
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
26.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.03
Gen­der deň­li­gi­ni iler­let­me­giň mö­hüm ugur­la­ry
26.03
Yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri da­ba­ra­lan­dy­ryp
26.03
«Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni aç­ýar
26.03
Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär
top-arrow