Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösýändigini belledi
Ykdysadyýet
Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösýändigini belledi
Çap edildi 29.09.2023
1637

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösýändigini belledi.

«Ykdysadyýet Germaniýa bilen gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. German kompaniýalaryna ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlar hökmünde garaýarys. Olar ýokary hünär derejesi, hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändikleri bilen tapawutlanýarlar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özara bähbitlidigine düşünýärler» – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Aşgabat şeýle çemeleşmäni goldaýar we german işewürleriniň türkmen bazaryndaky alyp barýan işlerini mundan beýläk-de höweslendirer.

Gahryman Arkadagymyz «Siemens», «Daimler», «Сlaas», «Man», «Rohde & Sсhwarz» nemes kompaniýalarynyň Türkmenistandaky köp ýyllyk we netijeli işini şeýle hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, umuman ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli we depginli ösdürilýär.

«Şunuň bilen birlikde, bilelikdäki mümkinçilikleriň has netijeli ulanylyp boljakdygy äşgärdir. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikalaşdyrmagy, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, infrastrukturany depginli ösdürmegi nazara almak bilen, täze maýa goýumlary çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri açýan hem-de ykdysady hyzmatdaşlygymyza itergi berjek hakykatdan-da giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň gerek bolan tapgyryndadygymyza berk ynanýaryn» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňky habarlar
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
28.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.07
Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow