Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy
Çap edildi 24.09.2023
1742

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.

Dabaraly ýagdaýda ýurdumyzyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda» Karary okady.

Resminama laýyklykda, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň milli garaşsyzlyk esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, täzeçil başlangyçlary öňe sürüp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmekde, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, ýurdumyzyň durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda, täze taryhy döwürde mähriban Watanymyzyň keşbiniň tanalmaz derejä ýetmegini üpjün edýän oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgelere laýyklykda ýaşuly nesle hormat goýmak, ýaşlary Watana söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary bilen Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, täze döwrüň oýlanyşykly ýörelgesini dowam edip, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran döwletliligiň synmaz sütünini berkitmekde bitiren hyzmatlary, mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli hem-de maksada okgunly işleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy.

Soňky habarlar
18.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
18.07
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.07
Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi tassyklanyldy
16.07
Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji
16.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
15.07
Hünärmenleri taýýarlamak — döwletiň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şerti
top-arrow