Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Çap edildi 18.09.2023
2732

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Häzirki wagtda Bitarap Türkmenistan halkara durmuşa işjeň gatnaşyjy döwlet hökmünde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Biz ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy», beýleki resminamalar durmuşa geçirilýär. Olarda ýurdumyzyň söwda-ykdysady işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Dünýä ykdysadyýetiniň pandemiýadan soňky dikeldiş döwrüne gadam basylan häzirki wagtda yzygiderli ösüşi gazanmak üçin has açyk, netijeli halkara ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz duşuşygyň barşynda aýtdy hem-de şu babatda halkara söwdany erkinleşdirmek we ilerletmek boýunça ählumumy düzüm bolup durýan Bütindünýä Söwda Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmäge Türkmenistanyň jogapkärli çemeleşýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýörite Hökümet topary hereket edýär. Onuň üstüne ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, şeýle hem degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi. Geçirilen işleriň netijesinde, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt derejesi (işjeň synçy) berildi.

Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny belende galdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we ählumumylaşmak işini ilerletmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
02.11
Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ilerledýär
02.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 80 müň dollaryndan gowrak boldy
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
top-arrow