Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Duşenbede Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi başlandy
Syýasy habarlar
Duşenbede Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi başlandy
Çap edildi 15.09.2023
1788

Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýar.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki geçirilen işleriň netijelerini jemlärler, mundan beýläk hem bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze we anyk ugurlaryny, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynynyň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşarlar.

Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistan diňe bir giň gerimli milli taslamalary we makatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine işjeň ýardam berýär, munuň özi diňe bir sebit derejesinde däl-de, ählumumy derejede hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, hemişe Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologiýa meselelerine halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär, diňe sebit tagallalarynyň birleşdirilmegi bu meseläni çözmekde netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin ýeke-täk kabul ederlikli şert bolup durýar.

Türkmen tarapynyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde “suw diplomatiýasyny” ilerletmek babatynda beýan eden teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow