Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Gahryman Arkadagymyzyň haj parzyny amala aşyrmagy — mukaddes ýörelgeleriň dowamatlylygynyň nyşany
Syýasat habarlary
Gahryman Arkadagymyzyň haj parzyny amala aşyrmagy — mukaddes ýörelgeleriň dowamatlylygynyň nyşany
Çap edildi 30.06.2023
2178

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşdy.

Hajy Arkadagymyz hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary saparyň maksatnamasyna laýyklykda, mukaddes Mekge şäheriniň ajaýyplyklary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Ýurdumyzda yslam dinine uýýanlara dini däp-dessurlary amal etmek, keramatly ýere haj parzyny berjaý etmek üçin döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Muňa häzirki wagtda bütin yslam dünýäsiniň halkara zyýaratçylyk merkezi hasaplanýan keramatly Mekge şäherinde bolýan türkmen zyýaratçylary hem şaýatlyk edýär.

Her ýyl bu ýere haj parzyny amala aşyrmak üçin musulmanlaryň millionlarçasy gelýär. Haj dessury berjaý edilýän mukaddes Gurban aýynda sadaka bermek dessuryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän gününde ýaýlyma çykan “Arkadag” teleýaýlymynyň gepleşiklerine, onda görkezilýän dürli şekillere tomaşa etdi. Täze ýaýlymyň gepleşiginde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adam hakdaky aladany esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň üstünlikleri beýan edilýär.

Şunuň bilen birlikde, şol günde “Arkadag” gazeti neşir edilip başlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň ýene bir beýanyna öwrüldi.

...Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde iň uly Al-Haram metjidine tarap ugrady.

Hajy Arkadagymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary keramatly metjitde juma namazyny okadylar. Munuň özi türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelere we yslam dünýäsiniň ýagşy dessurlaryna ygrarlydygynyň, jemagat bilen bilelikde namaza durmagy aýratyn sogaply hasaplaýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Goý, keramatly toprakda edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistandan gelen zyýaratçylaryň, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň we özüniň maşgala agzalarynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakasyny berdi. Munuň özi mukaddes toprakda amal bolýan haýyr işleriň mundan beýläk-de dabaralanmagyna, öten-geçenleriň hatyralanmagyna bagyşlanan ýagşy dessurdyr.

Hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, keramatly toprakda keremli Gurban aýynda berilýän sadakanyň mukaddesliklere gabat gelmeginde çuňňur many bar. Sadaka ynsan dünýäsiniň haýyrly işleriniň gözbaşy hasaplanýar.

Saud Arabystany Patyşalygyna bolan bu gezekki saparyň özboluşly aýratynlyga eýedigini belläp, hajy Arkadagymyz keramatly toprakda juma namazynyň okalandygyny, bu ýerde gurbanlyk sadakasynyň berlip, onda mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly işleriň rowaçlyklara beslenmeginiň dileg edilendigini belledi. Şeýle hem Milli Liderimiz şu günler mukaddes toprakda Türkmenistandan gelen zyýaratçylaryň 2,5 müňe golaýynyň haj parzynyň dessurlaryny ýerine ýetirýändiklerini aýtdy.

Gurbanlyk sadakasynda tebärek çykylyp, hajy Arkadagymyzyň doglan gününiň gutly bolmagy, Arkadagymyzyň kyblasy, manyly ömrüni Watanyna, halkyna bagyş eden Berdimuhamet ogly Mälikguly aganyň hem-de mähriban käbesi, ömrüni maşgala terbiýesine bagyş eden Ogulabat ejäniň ruhlarynyň şat, jaýlarynyň jennet, imanlarynyň hemra bolmagy dileg edildi.

Soňra gurbanlyk sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Türkmen halkynyň milli aşhanasynyň tagamlaryndan dadan adamlar, zyýaratçylar hajy Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny dileg etdiler. Şonuň ýaly-da, ýagşy dessurlaryň, tutumly işleriň uly üstünlikler bilen dowam etdirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Arkadagly hajy Serdarymyza we hajy Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. Munuň özi diňe bir halkymyzyň durmuşynda däl, eýsem, tutuş yslam dünýäsinde-de gurbanlyk sadakasynyň asylly däp-dessurlarynyň dowam etdirilýändigini görkezýär.

Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp, asylly işleriň, hoşniýetli gatnaşyklaryň amala aşyrylýan we ýagşy dilegleriň kabul bolýan aýynda ýerine ýetirilen beýik işleriň dowamat-dowam bolmagy, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edildi.

Gurbanlyk sadakasynyň ahyrynda Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz hemmelere minnetdarlyk bildirip, mukaddes toprakda berlen sadakalaryň, zyýaratlaryň we ýagşy dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurbanlyk sadakasyna gatnaşmak üçin gelen Katar Döwletiniň Emiriniň ýörite wekili Hadi bin Ali Al Marri bilen duşuşdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň emiriniň ýörite wekili, ilki bilen, hajy Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy hem-de häzirki zamanyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýän şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady. Şeýle-de ol mukaddes toprakda berlen gurbanlyk sadakasynyň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýörite wekil hajy Arkadagymyza Katar Döwletiniň Emiriniň gutlaglaryny we mähirli sözlerini ýetirdi.

Hoşniýetli sözler hem-de gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Katar Döwletiniň Emirine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we bu ýerde berýän gurbanlyk sadakasyna gatnaşýandygy üçin ýörite wekile minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, hajy Arkadagymyz bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ägirt uly geljeginiň we mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.

Gurban aýynyň mukaddes günlerinde keramatly toprakda duşuşmagyň köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň we mizemez dost-doganlygyň nyşany bolup durýandygyny belläp, hajy Arkadagymyz Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline geldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud bilen duşuşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow keramatly toprakda mähirli kabul edilendikleri we gurbanlyk sadakasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, wekiliýetiň agzalarynyň zyýaratlarynyň ýola goýulmagy ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud häzirki döwürde dünýäde sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryny kabul etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtady.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki halkyň abadançylygynyň we ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jidda şäheriniň Halkara howa menzilinde Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen duşuşdy.

Ahmad Mohamed Ali Al-Madani Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynda görýändigine şatdygyny belledi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa özüniň iň gowy arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de ol hajy Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady hem-de mübärek günlerde beren gurbanlyk sadakasynyň we ýagşy doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bilen duşuşygyň mukaddes toprakda, Gurban aýynda geçirilýändigi çuňňur many-mazmuna eýedir diýip, hajy Arkadagymyz Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary hem-de iri maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Yslam ösüş banky bilen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Yslam ösüş banky ýurdumyzda durmuşa geçirilýän birnäçe iri milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirdi. Hususan-da, giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Hajy Arkadagymyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgeleriniň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi. Doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň Yslam ösüş banky üçin uly hormatdygyny belläp, bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri öwrenmegiň wajypdygyny nygtady.

Hajy Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürmek ugrunda tagalla edýändigi we gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine şahsy goşandyny nazara alyp, Yslam ösüş bankynyň prezidentine özüniň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyny we “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitaby sowgat hökmünde gowşurdy.

Doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bu kitaplary ajaýyp sowgat hem-de özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini aýdyp, hajy Arkadagymyza Yslam ösüş bankynyň taryhyna, şu gününe we onuň ýerine ýetirýän işine bagyşlanan hem-de bu banka agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bagly alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini özünde jemleýän maglumatlar beýan edilen kitaby uly hormat bilen gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hajy Arkadagymyz Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili hajy Arkadagymyzy saparynyň şowly geçmegi bilen mähirli mübärekläp, zyýaratynyň hem-de keramatly toprakda beren gurbanlyk sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Gahryman Arkadagymyz ilçä minnetdarlyk bildirip, oňa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow