Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň aprel-maý aýlary aralygynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr. Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!
«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» täze wezipeleri öňümizde goýmak bilen, türkmen sportuny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä Olimpiýa hereketine goşulyşmak üçin Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreş boýunça halkara Konwensiýasyny tassyklady, Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy. Ýurtda Milli antidoping agentligi döredildi.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Türkmenistanda sportda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýpli binýady goýuldy hem-de bu ugurda 60-dan gowrak döwlet bilen ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk düzgünleşdirildi. Bulardan başga-da, sport boýunça hyzmatdaşlyk meselesi döwlet Baştutanlarynyň saparlarynyň dowamynda kabul edilýän Jarnamalarda we Beýannamalarda, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň jemleýji resminamalarynda öz mynasyp ornuny tapýar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlaryň, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriniň, beýleki durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigini hem bellemek gerek. Türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi.
Biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, iri halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçiligi bar bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine aýdyň şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde 40-dan gowrak dürli desga bolup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu işleriň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze mümkinçiliklerini açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Siz ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Siziň dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini has-da artdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly mundan beýläk-de täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň we gözelligiň gözbaşydyr.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!
Sizi halkara derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.