Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ykdysadyýet
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 08.05.2023
1973

Şu gün Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Düzümi ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherine geldi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşlyk boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, senagat, energetika, dokma pudagynyň, gurluşyk, binagärlik, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamlarynyň gazananlary, hususy kompaniýalaryň onlarçasynyň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary görkezildi. Bularyň ählisi Türkmenistanda eksport harytlarynyň mukdaryny artdyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Soňra Milli kitaphananyň uly mejlisler zalynda Türkmen-täjik işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Häzir Türkmenistan hem-de Täjigistan ykdysady ösüşiniň görkezijileriniň durnuklydygyny görkezýärler, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirýärler. Şolaryň maksady halklaryň hal-ýagdaýyny, iki ýurduň abadançylygyny we gülläp ösüşini gazanmakdan ybaratdyr.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistan üçin möhüm we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygy bellenildi. Dostlukly ýurduň ýeňil senagat ulgamynda tejribe alyşmagyň çäklerinde Täjigistanda hereket edýän pudaklaýyn kärhanalaryň binýadynda, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde bilelikdäki kärhanalary döretmek baradaky pikirler aýdyldy. Ulag we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp düzüm bölegi bolup durýar.

Taraplar pikir alyşmalaryň çäklerinde iki ýurduň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär.

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar şu gün gazanylan ylalaşyklaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary, beýleki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi. Işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň birnäçe döwlet kärhanalarynyň we hususy düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 20-den gowrak resminama gol çekildi.

Bu çäreler bilen ugurdaşlykda Täjigistan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Nygtalyşy ýaly, ykdysadyýetlerini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän Türkmenistanda we Täjigistanda telekeçiligi netijeli hem-de depginli öňe ilerletmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.

Iki ýurduň Baştutanlarynyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hususy ulgamyň wekillerine daşary ýurtlaryň işewürleri, halkara işewür düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň we Täjigistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda bu maksatlar üçin sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.

Şeýle hem Duşenbe şäherinde «Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi” atly “tegelek stoluň” başyndaky halkara maslahat geçirildi. Onuň işine Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ylmy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, degişli ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary gatnaşdylar. Çykyşlarda innowasion bilim tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, seýsmologiýa we seýsmodurnukly gurluşyk babatda hyzmatdaşlyk ýaly möhüm meselelere deglip geçildi.

Häzirki çärelere gatnaşyjylar giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän şeýle forumlary geçirmäge döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow