Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda geçirilen ulag boýunça halkara maslahatyň netijeleri üns merkezinde
Ykdysadyýet
Aşgabatda geçirilen ulag boýunça halkara maslahatyň netijeleri üns merkezinde
Çap edildi 04.05.2023
1150

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. 3-4-nji maýda geçirilen maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdy.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň, halkara guramalaryň, milli we halkara ulag-logistika kompaniýalarynyň, senagat zolaklarynyň, guramalaryň, iri halkara maliýe edaralarynyň — “Alibaba”, “MAERSK”, “Lufthansa”, “МаксФлайт”, “Airbus”, “Boeing”, “Flydubai”, “General Electric”, “Toyota”, “SpaceX”, “РЖД”, “KTZ Express” ýaly kompaniýalaryň wekilleri, ulag ulgamy boýunça belli bilermenler bar.

Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan metbugat maslahatyna milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Duşuşygyň dowamynda maslahatyň işine gatnaşan ähli wekiliýetlere hoşallyk bildirilip, Aşgabatda geçirilen forumyň ähmiýetiniň örän uludygy bellenildi.

“Türkmenistanda 2022 — 2025-nji ýyllarda ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap toplumlaýyn ugurdaş düzümleri döretmek, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny mundan beýläk-de berkitmek boýunça strategik ugurlar göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlaryna doly goldaw bildirildi. Şol başlangyçlaryň binýadyny meşhur döwlet işgäri — türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow goýdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Biziň ýurdumyz ulag boýunça halkara konwensiýalaryň 12-sine gatnaşýar, Türkmenistan Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi we ol türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly möhüm Kararnamalary kabul etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly birinji forum geçirildi. Şeýle hem şol ýyl Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy, ýurdumyz e-CMR Teswirnamasyna goşuldy. Diýarymyzyň welaýatlarynda täze awtomobil menzilleri, demir ýol köprüleri ulanmaga berildi, ulag pudaklarynyň tehniki binýadyny berkitmek boýunça anyk çäreler geçirildi. Ýewropany we Aziýany öz gerimine alýan milli howa ýollarynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň geografiýasy giňeldi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 100-e golaýy geçirildi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekildi.

Işewürlik duşuşyklarynyň geçirilmegi geljekki hyzmatdaşlaryň halkara gatnawlar babatda täze maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlar bilen tanyşmaga, uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlary kesgitlemäge amatly şertleri döretdi. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar birnäçe ugurdaş ulgamlarda öňdebaryjy iş tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Aýry-aýry ugurlar boýunça geçirilen mejlisleriň çäklerinde ählumumy ulag-logistika ulgamynyň öňünde durýan täze wehimler bilen baglanyşykly meselelere, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan mümkinçiliklere garaldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň multimodal üstaşyr merkeze öwrülýän, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde ulag-logistika hyzmatlary bazaryny özgertmek, Merkezi Aziýanyň ählumumy bazar bilen gatnaşyklary, ulag-logistika düzümini ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň, ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan waka öwrüldi.

Soňky habarlar
28.02
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar
27.02
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň täze başlangyçlarynyň ileri tutulýan ugry
26.02
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
26.02
2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler
26.02
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy
25.02
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadançylygynyň binýady
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow