Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylara
Çap edildi 25.04.2023
1419

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Mähriban adamlar!

Siziň ähliňizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, forumyň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreleriň ýokary derejede we giň düzümde geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Dubaý şäherinde geçirilýän bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu halkara maslahatyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahata gatnaşýan hünärmenler tarapyndan bu ýerde başga-da möhüm meseleler bilen birlikde, tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, bu önümçilikleriň daşky gurşawa täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alşyljakdygyna, teklipleriň öwreniljekdigine ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň, şunuň bilen birlikde, beýleki halklaryň bähbidine gönükdirmäge we sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýar. Şoňa görä-de, bu ugurda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamalaryň biri-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisidir. Häzirki wagtda onuň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Sebitiň iri taslamasy bolan bu gaz geçirijiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça eksport etmekde geljegi uly bolan iri taslamalaryň hatarynda durýar.

Türkmenistanda tebigy gazy turbageçirijiler arkaly eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenilmän, ony diwersifikasiýalaşdyrmak babatda gaýtadan işleýän senagata hem uly üns berilýär. Soňky ýyllarda amala aşyrylýan taslamalar, gurulýan önümçilikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gyýanly polimer zawody, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde-de iň iri önümçilik desgalarynyň hatarynda durýar. Bu babatda Türkmenistanyň geljegi has-da uludyr.

Ýurdumyzda iri gaz ýatagy bolan «Galkynyş» känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Biz bu gaz känini daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny Önümi paýlaşmak hakynda şertnama esasynda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek hem möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanda maliýe-ykdysady we kanunçylyk taýdan oňyn maýa goýum gurşawy döredilendir. Bu işleri halkara talaplara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi hem dowam etdirýäris.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Sizi Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tejribe alyşmakda, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde bu forumyň işiniň netijeli boljakdygyna ynanýaryn.

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna bolsa bu möhüm ähmiýetli çäräni guramaçylykly geçirmek babatda döreden oňyn şertleri hem-de goldawlary, myhmansöýerligi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin.

Siziň hemmäňize alyp barýan işiňizde rowaçlyk we üstünlik arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow