Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 07.02.2023
1709

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şu taryhy wakadan soňky geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigi hem-de onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek esasynda hemme ugurlarda pugtalandyrylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Umumy pikire görä, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň, deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňegidişlige we ösüşe tarap ymtylýan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň syýasy ulgamdaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn bellenildi. Şol gatnaşyklar netijeliligi, dünýäniň we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzirki wagtda ol halkara resminamalaryň 300-e golaýyndan ybaratdyr. Şol resminamalar dürli ugurlary öz içine alýar. Munuň özi, elbetde, hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynda, şeýle-de täze ulgamlarda bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň işjeňleşýändigi bellenildi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň ähli ugurlary boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.

Şu gün hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de ýurdumyza Özbegistanda öndürilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara we sebitara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şol gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Medeni, ylym, bilim ulgamlarynda-da hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Munuň özi iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy, olaryň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berkidilmegi üçin köpri bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky “Daşkent” medeni-dynç alyş seýilgähinde ýokary derejede geçirilen dabaraly çäräniň ähmiýeti bellenildi. Şol dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde umumy abadançylygyň bähbidine, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow