Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy
Çap edildi 19.11.2022
843

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Ir bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar. Olar merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde bina edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Desganyň töweregi abadanlaşdyrylypdyr, bagy-bossanlyklar döredilipdir. Hormatly Arkadagymyz merkeziň çagalara niýetlenendigini nazara alyp, onuň esasy girelgesiniň ýüzünde degişli nyşanynyň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şonda çagalaryň päkizeligine, parahatçylyga, abadançylyga we agzybirlige çagyrýan mazmun jemlenmelidir. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň içine girip, onuň bezeg aýratynlyklary, reňk öwüşginleri bilen tanyşdy.

Soňra Arkadagymyz şol ýerden uzakda bolmadyk ýerde bina edilen çagalar bagyna tarap ýöräp gitdi. Ýol ugruna Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerlerde bagy-bossanlyklaryň döredilişini, işleriň alnyp barlyşyny synlady. Ýerine ýetirilýän işlerde bildirilýän ähli talaplaryň berjaý edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şol wezipeler durmuşa geçirilende, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bagynyň binasynyň içine girip, şol ýerde gurlan suw howdanyna ünsi çekdi. Howdanyň çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna niýetlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz munuň nazara alynmagynyň möhüm ähmiýetini nygtady. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy çagalar bagy bilen tanyşlygynyň barşynda käbir şekil taslamalaryny gözden geçirdi. Şolarda çagalar bagynyň otaglarynyň, şol sanda okuw otaglarynyň, oýun-güýmenje otaglarynyň, howuz otagynyň şekil taslamalary görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz bu taslamalary synlap, olarda döredilýän reňk öwüşginleriniň sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunda, esasan, bu desganyň çagalara mahsus bolmagyndan ugur alnanda, reňkler ýagty, nurana hem-de göwün göteriji öwüşginleri özünde jemlemelidir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy binanyň töwereginde döredilen şertler bilen tanşyp, şol ýerde çagalaryň çägäniň üstünde oýun bilen güýmenmeklerine niýetlenen ýörite ýerlere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde çagalaryň oýun bilen güýmenjesiniň saglyklaryna hem peýdaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky çägäni ulanmagyň örän maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Çünki kenarýaka çägäniň adamlara, aýratyn-da, çagalara peýdalydygy ylmy lukmançylykda subut edilendir.

Şeýle hem Arkadagymyz çagalar bagynyň töwereginde gurnalan birnäçe bassyrmalara ünsi çekip, şolaryň biriniň ýanyna bardy. Şeýle bassyrmalaryň ähmiýeti barada nygtap, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň çagalary Gün urmagyndan goramakda möhüm hyzmaty bitirýändigini belledi. Bu bassyrmalar açyk howada çagalar bilen dürli çäreleri geçmekde-de peýdalydyr.

Gahryman Arkadagymyz nobatdaky ýörite gurnalan ýere geldi. Hormatly Arkadagymyz onuň içine girmezden ozal, daşynda goýlan käbir ýol belgileriniň ýanynda saklandy we olary synlap, belgileriň reňk aýratynlyklary saýlanyp alnanda, olaryň howanyň dürli täsirlerine döz gelýän häsiýetli öwüşginlerini saýlap almagyň möhümdigini belläp, bu ugurda käbir belliklerini aýtdy.

Awtomobil ulag ýollarynyň ugurlarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän ýol görkeziji belgiler awtoulag ýollaryndaky hereketleri düzgünleşdirmekde we kadalaşdyrmakda ýol hereketine gatnaşyjylar, şol sanda awtoulag sürüjileri we pyýadalar üçin örän möhümdir. Ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda yzygiderli geçirilýän çärelerde-de bu baradaky düzgünlere, olaryň aňladýan manylarynyň düşündirilmegine uly üns berilýär. Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, olaryň bellenen kadalara laýyklykda, zerur bolan degişli ýerlerde oýlanyşykly oturdylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi köçelerdäki ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmeginde möhüm bolşy ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde-de esasy şertleriň biri bolar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz aýratyn gurnalan ýerde gözden geçirmek üçin taýýarlanan şekil taslamalary hem-de çyzgylary synlady. Şolaryň arasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şaýollara, köçelere at dakmak we täze binalary atlandyrmak boýunça ozal maslahatlaşan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine degişli şekil taslamalary hem bar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Arkadagymyz täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagyny teklip edip, munuň olaryň bitiren hyzmatlaryna minnetdarlygyň nyşanyna öwrüljekdigini we beýik şahsyýetleriň atlarynyň ebedileşdiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Kerbabaýewiň, K.Gurbannepesowyň, G.Ezizowyň, A.Garlyýewiň, S.Ataýewanyň, M.Kulyýewanyň, M.Garryýewiň we beýlekileriň ýatlanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlaryndan ugur alnyp, bu babatda degişli işler alnyp baryldy. Netijede, meşhur şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe şekil taslamalary taýýarlanyldy. Hormatly Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalaryny synlap, şahsyýetleriň atlaryny dakmak bilen bagly meselede Türkmenistanyň Prezidentine ýüz tutmak arkaly Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary bilen maslahatlaşyp, onuň kanunçylyk taraplaryna üns bermegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle-de bu ýerde Gahryman Arkadagymyza dürli pudaklaryň edara binalaryny atlandyrmagyň şekil taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň, medeniýet toplumynyň, jemgyýetçilik edaralarynyň toplumynyň, welaýat boýunça oba hojalyk toplumynyň edara binalarynyň atlandyrylyşy görkezilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň “Türkmenistan” we “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banklarynyň, “Senagat” we “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalarynyň, edara binalarynyň atlandyrylmagy, Türkmenistanyň welaýat boýunça gurluşyk-energetika we jemagat hojalygy toplumynyň edara binasynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasynyň, welaýat boýunça senagat we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň atlandyrylmagy boýunça şekil taslamalary ýerleşdirilipdir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen şekil taslamalaryny, terjimehallaryň ýazgylaryny, şol sanda desgalaryň atlandyrylmagynda olaryň ýüzüne ýazyljak ýazgylaryň aýratynlyklary boýunça dürli görnüşlerini gözden geçirdi we olary atlandyrmak hem-de ýazylyş aýratynlygy bilen baglylykda, özüniň maslahatlaryny berip, käbir belliklerini aýtdy. Hormatly Arkadagymyz her bir şahsyýetiň hünäri, onuň alyp baran ugry nazarda tutulyp, olaryň her biriniň ady mahsus edara binalarynyň ýerleşýän köçelerine dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunda taryhy şahslaryň bitiren hyzmatlary nazarda tutulmalydyr.

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanyşy barada giňişleýin durlup geçildi.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň durmuş düzümine degişli meseleler babatda aýdyp, onda sanly ulgamyň, “akylly” şäher kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetiniň ilkinji nobatda göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Iş maslahatynda täze şäherde elektrobuslaryň we elektrik togunda işleýän taksileriň hyzmatyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini gazanmagyň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky meseläni dowam edip, täze şäherde ýaşajak raýatlaryň ýaşaýyş ýeri boýunça hasaba alnyşynyň elektron görnüşde bolmagyny üpjün etmegiň üstünde toplumlaýyn işlemelidigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, giň gerimli şäheriň çäklerinde ýaşaýjylara edilýän hyzmatlaryň, şol sanda dürli söwda hyzmatlarynyň elektron görnüşde bolmagyny üpjün etmek möhümdir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny dowam edip, ýene-de bir möhüm meseläniň üstünde durup geçdi. Hususan-da, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna örän ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir. Täze edara ediş merkeziniň çäklerinde hakyky türkmen toýy giň gerimde ýaýbaňlanmalydyr. Çünki açylyş dabarasyna gatnaşmaga geljek köp sanly myhmanlar türkmen myhmansöýerliginiň ýokary derejesine hem-de milli toýlaryň uly tutumyna, ruhubelentlige beslenýändigine göz ýetirmelidirler diýip, Gahryman Arkadygymyz aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky meselä ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Hususan-da, bu ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkeziniň bolmagy göz öňünde tutulandyr. Onuň işiniň hem sanly ulgamlaryň kömegi bilen häzirki zaman derejesindäki ähli aragatnaşyk serişdeleri arkaly dolandyrylmagyny gazanmak wajypdyr.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde ilatyň durmuşynda möhüm bolan maglumatlaryň görkezilmegine niýetlenen elektron tablolaryň zerur bolan degişli ýerlerde goýulmagyna, merkeziň köçeleriniň atlaryny görkezýän belgileriň yşyklandyryş ulgamyna, nou-haularyň, energiýa tygşytlaýjy serişdeleriň ornaşdyrylyşyna degişli meseleleriň çözülmegine örän oýlanyşykly we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny aýtdy. Çünki munuň özi “akylly” şäher diýlip atlandyrylýan iň döwrebap derejäni üpjün etmekde möhüm talaplaryň biridir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de şu işleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow