Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aýry-aýry saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi
Jemgyýet
Aýry-aýry saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi
Çap edildi 20.11.2016
1779

Aşgabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň 24-nji «Duşak», Mary welaýatynyň 119-njy «Atçapar» hem-de 124-nji «Pendi» saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawlaryň geçişine gözegçiligi amala aşyran synçylaryň bellemegine görä, saýlawlar türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine döwlet tarapyndan alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýandyklaryny aýdyň görkezdi. Milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugy üçin ildeşlerimiziň arasynda uly abraýdan we ynamdan peýdalanýan iň mynasyp adamlar dalaş etdiler. Mejlisiň deputatlygyna bolan bir oruna dalaşgärleriň birnäçesi bellige alyndy. Şeýlelik bilen bu geçrilen saýlawlar hem ozalkylar ýaly demokratik we aç-açanlyk ýörelgelerine laýyklykda giň dalaşgärlik esasynda geçdi. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda ses bermek üçin saýlaw okruglarynyň üçüsinde 75 müň 568 saýlawçy hasaba alyndy. Jemgyýetçilik-syýasy çäre tamamlanan wagty, sagat 19-da saýlawçylaryň 90,27 göterimi ses berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna aýdylyşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ýakyn wagtyň içinde ses bermegiň ahyrky netijeleri yglan ediler.

Soňky habarlar
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
top-arrow