Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.09.2022
1452

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman çakylyk hem-de bu ajaýyp şatlygy türkmen halky bilen bilelikde paýlaşmaga bildirilen uly hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlady hem-de bagt, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşýandygy hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Watanymyzyň energiýa serişdelerini çykarmak we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.

Piter Kallos köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleýän “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen kenarynda geljegi uly uglewodorod ýataklaryny işläp geçmek hem-de nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

“Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we ösüş ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow