Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 22.09.2022
1201

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler hem-de arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk Özbegistanyň Samarkantda ýokary derejede, üstünlikli geçiren Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berip, ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de açyklygy bilen tapawutlanýandygyny, ikitaraplaýyn gepleşikleriň ynanyşmak häsiýetiniň möhüm meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge ýardam edýändigini nygtady. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy bellenildi.

Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçip, oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty ýaly pudaklarda depginli ösüşi kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz doglan güni mynasybetli beýan edilen mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, özbek Liderine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, dostlukly özbek halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow