Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar
Çap edildi 16.08.2022
1535

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň edaralarynyň, abraýly sebit we sebitara guramalaryň we maliýe institutlarynyň hem-de seljeriş merkezleriniň, hususy ulgamyň 30-dan gowragynyň wekilleri, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Düýn maslahatda edilen çykyşlarda forumyň ähmiýeti we öz wagtynda çagyrylandygy nygtaldy. Foruma gatnaşyjylaryň uly düzümi ýurdumyza hormat goýulýandygynyň, onuň ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly ýüzlenmesiniň myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döredendigini bellemek gerek. Çykyşda häzirki döwürde ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz tagallalary birleşdirmek, çalt we aýdyň netijelere ýetmek üçin tutanýerli gönükdirmek zerurlygynyň ýüze çykýandygyna duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde iň möhüm ugurlaryň biri Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde umumy iş ýörelgelerini işläp taýýarlamak bolup durýar. Biziň pikirimizçe, ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir diýip belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin bu strategik ulgamda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmek baradaky başlangyç bar. Bu topar ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini gorar we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barar, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi görkezmek bolar.

BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň çykyşlarynda ulag arabaglanyşygyna Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm serişde hem-de COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly dikeldilmegi üçin örän wajyp ugur hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Foruma gatnaşyjylar häzirki wagtda ulag ulgamynyň işiniň tutuş dünýä boýunça dikeldilýändigini nygtap, halkara bileleşiginiň çaltlyk bilen maýa goýumlaryny, tehnologiýalary hem-de tehniki kömegi gönükdirmelidigini we durnukly ulag üçin kuwwaty pugtalandyrmalydygyny bellediler. Bu kömek, ilkinji nobatda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara berilmelidir.

Düýn gozgalan meseleler boýunça ara alyp maslahatlaşmalar şu gün geçirilen umumy mejlisleriň çäklerinde dowam etdirildi.

Günüň birinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly ministrlikleriň derejesindäki duşuşyk geçirildi.

Onda bu sebitlere girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hem-de üstaşyr döwletleriň ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň netijeli häsiýete eýedigini belläp, dialogy yzygiderli esasda dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.

“Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr daşamalary we söwdany ýeňilleşdirmek hem-de COVID-19 pandemiýasyndan durnukly dikeltmek üçin sanly ulgamlary pugtalandyrmak”, “Ygtybarly ulag gatnawlary, ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlaryny döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we täsirleri peseltmek — tejribe we öňdebaryjy amallar”, “Ulag we maglumat durnuklylygy hem-de ýol howpsuzlygy üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” diýen mowzuklar boýunça geçirilen umumy mejlisleriň barşynda wekiller hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine bu möhüm maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ulag ulgamy dünýä hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, önümçiligi we ilaty ýerleşdirmekde oňyn geografik we düzümleýin öňegidişliklere, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam edýär. Ulag gatnawlary ykdysadyýet üçin zerur bolan ulgamlaryň durnuklylygynyň we ykdysady taýdan netijeliliginiň esasy şerti bolup durýar.

Şu ulgamyň kömegi arkaly milli hem-de halkara möçberlerde senagat we oba hojalyk önümçiliginiň ýakynlaşmagy netijeli häsiýete eýe bolýar, umuman, döwletleriň ykdysady ýagdaýy gowulanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki şeýle duşuşyklaryň bu ugurda halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de durnukly ulag ulgamynda ýurtlaryň we halkara düzümleriň garaýyşlaryny ýakynlaşdyrmakda möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

Çykyşlarda sebit gatnaşyklaryny ösdürmekde we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna has ygtybarly üstaşyr ulag ulgamy bilen üpjün edip biljek täze söwda ýollarynyň giňeldilmegini goldamakda ýurdumyzyň öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça dört Kararnamasynyň (2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda) ähmiýeti bellenildi. Bu Kararnamalar ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, üstaşyr ulag geçelgeleriň durnukly ulgamyny kemala getirmäge, sebit, yklymara we ählumumy möçberde ulag aragatnaşygynyň iri düzümleýin merkezlerini döretmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň forumyň birinji gününde beýan eden täze teklipleriniň, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini gorajak ýörite iş toparyny döretmek, Baş Assambleýanyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky” Kararnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleriniň wajypdygy nygtaldy. Başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, dünýä bileleşiginiň olary çözmäge eýerýändigini görkezmäge gönükdirilendir.

Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, döwlet Baştutanymyzyň teklipleriniň derwaýysdygy we zerurdygy äşgärdir, çünki ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biridir. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär.

Ýurdumyz çäk taýdan has amatly ýerleşmek bilen, sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag we logistika merkezi hökmünde özüniň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyryp, bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatyndan ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky yzygiderli we işjeň syýasaty BMG-niň giňden goldaw bermeginde öz netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ulgamdaky netijeli tagallalaryna, ýurdumyzyň başyny başlan, yklymyň ulag ulgamlaryny ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan giň gerimli taslamalara aýratyn üns berildi.

Gürrüň Gara we Baltika deňizleri sebitleriniň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa giňişligini gurşap alýan ulag gatnawlarynyň köpşahaly, toplumlaýyn we utgaşykly düzümini gurmak barada barýar. Türkmenistan milli derejede eýýäm ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde häzirki döwürde dünýäde ulag ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna göz ýetirmek derejesi artýar. Dünýä bileleşigi bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezip, Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugurdaky işini goldaýar. Şol bir wagtyň özünde, ylalaşykly ählumumy halkara işinde täze ugur —–ulag diplomatiýasy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Ulag diplomatiýasy bu ulgamda köptaraply gatnaşyklaryň netijeli usuly bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, dünýä ulagyny ösdürmek meseleleri boýunça gepleşikler başlanmak bilen çäklenmän, eýsem, ol has netijeli we maksatlaýyn häsiýete eýe bolýar, oňa täze gatnaşyjylar–— döwletler, kompaniýalar halkara institutlar we guramalar çekilýär.

Ulag kadalaryny, standartlary we üstaşyr çäreleri has doly sazlaşdyrmak üçin ähli ýurtlar tarapyndan BMG-niň ulag baradaky konwensiýalaryny tassyklamagy hem-de sebitde islendik wehimlere durnukly bolan özara ulag gatnaşyklary üpjün etmek üçin deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar babatda Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan teklip edilen gurallaryň hatarynda görkezildi. Şol gurallar ýurtlar tarapyndan sebitde we tutuş dünýäde ulag aragatnaşygyny netijeli dikeltmek üçin ulanylyp bilner.

Çykyşlarda şeýle hem ýurtlaryň BMG bilen hyzmatdaşlykda öňe sürlen bilelikdäki başlangyçlara daýanyp biljekdikleri nygtaldy. Şolaryň hatarynda durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň jemleýji resminamasy — BMG-niň hukuk gurallaryny, kadalaryny, ölçeglerini hem-de maksatnamalaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda bökdençlikleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyjy bar. Bu resminamalarda bar bolan wezipeleri çözmek boýunça maslahatlar öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu babatda görelde görkezýändigi nygtaldy. Ýurdumyz 2020-nji ýyldan bäri BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň ulag konwensiýalarynyň sekizisini tassyklady.

Şu maslahatyň gün tertibine dünýäniň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň häzirki ösüşinde ulag ulgamynyň ornuna bagyşlanan anyk ugurlaryň giň toplumy girizildi. Şu maslahat bu ulgamda özara gatnaşyklaryň netijeli gurallaryny we usullaryny işläp taýýarlamak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Maslahata gatnaşyjylar bu forumyň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, döwrüň talabyna laýyk gelýän hem-de döwletlere we sebitlere anyk ykdysady ösüşi üpjün etmäge, olaryň strategik bähbitleriniň laýyk gelmegine ýardam etmäge ukyply degişli utgaşykly düzümi döretmäge goşan goşandyna ýokary baha berdiler.

Wekilleriň umumy pikirine görä, bu ulgamdaky syýasatyň esasy meselelerini öz wagtynda ara alyp maslahatlaşmak ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, möhüm görkezijilere esaslanýan çözgütleri gözlemek üçin zerurdyr. Derwaýys wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki hereketler babatda hyzmatdaşlyk, Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň meýilnamalaryny ornaşdyrmak, bu işe hususy ulgamyň gatnaşmagy, toplumlaýyn ulag meýilnamalaşdyrylmagy üçin mümkinçilikleri ösdürmek hem-de ulag babatdaky bilime maýa goýumlaryny goýmak zerur bolup durýar. Bularyň ählisi möhüm ähmiýete eýedir we Durnukly ösüş maksatlaryna edilýän çykdajylaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de serişdeleri tygşytlamaga ýardam edip biler.

Foruma gatnaşyjylar ulag arabaglanyşygyň gün tertibini ilerletmekde görnükli hünärmenleri birleşdiren bu maslahatyň tejribe alyşmak üçin ajaýyp meýdança bolup durýandygyny bellediler. Ählumumy pandemiýadan soňky döwürde durnukly dikeldiş çärelerini amala aşyrmak, aýratyn hem ulag ulgamynda giň gerimli işleri ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Umumy mejlisleriň barşynda, şeýle hem howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulagynyň häzirki ýagdaýy, dünýä ykdysadyýetiniň bu ulgamyny ösdürmegiň geljegi, pudaklaýyn düzüme maýa goýumlarynyň çekilmegi, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Foruma gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ulag ulgamyndaky işleriň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň, şu babatda koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemegiň umumy bähbitlere has anyk göz ýetirmäge, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Şu gün şeýle hem halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisi geçirildi. Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň, hususan-da, Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň wekilleri şu üstaşyr ulag geçelgäniň ugurlary bilen baglanyşykly ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem tehniki häsiýetli meseleleriň birnäçesine garaldy. Wekiliýetleriň agzalary Aşgabat ylalaşygyna gol çeken döwletleriň logistik merkezleriniň netijeliligini we ornuny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, ähli ýurtlaryň logistik merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2-nji mejlisiniň Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasy kabul edildi.

Maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň daşary ýurtly wekiller bilen geçiren duşuşygynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gyzyklanma bildirilýän taraplaryň täze ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň netijeleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň Jemleýji Beýannamasy kabul edildi.

Jemleýji mejlisiň barşynda forumyň wekilleri tarapyndan iki günüň dowamynda geçirilen işiň netijeleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyň bilelikde kabul edilen Jemleýji Beýannamasy ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň çykyşlarynyň, deslapky resminamalaryň, umumy mejlisleriň çäklerinde olary ara alyp maslahatlaşmagyň esasynda taýýarlanyldy. Onda COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly dikeldilmegi hem-de galan döwürde Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak üçin özara ulag baglanyşygy güýçlendirmegiň wajypdygy nygtalýar.

Resminamada şeýle hem Birinji Ählumumy ulag maslahatynyň jemleri boýunça binýady goýlan durnukly ulag boýunça Aşgabat prosesini dowam etmegiň, bu prosesiň çäklerinde degişli köptaraply geňeşmeleriň hem-de bilim çäreleriniň geçirilmeginiň möhümdigine üns çekilýär.

Soňra deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bütindünýä toparynyň başlygy, Botswana Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Kollen Wiksen Kelapile çykyş edip, forumyň barşynda ulag ulgamyny ösdürmegiň derwaýys wezipeleri, COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň söwda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ulag arabaglanyşygyny gowulandyrmak babatda maslahatlar boýunça pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, maslahatda göwnejaý hereket edýän durnukly ulag ulgamy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady taýdan we durnukly ösüşini doly üýtgedip biler. Jenap Kollen Wiksen Kelapile Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň wajypdygy barada aýdyp, halkara bileleşigi tarapyndan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň goldanylmagynyň, olaryň möhüm wezipelerini çözmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Öz nobatynda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima biziň ýüzbe-ýüz bolýan dürli ählumumy çökgünlikler zerarly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek üçin, şol sanda degişli düzümi maliýeleşdirmekde, sanly ulgama geçmegi ilerletmekde, Serhetýaka çärelerini dolandyrmakda hem-de Bütindünýä Gümrük Guramasynda çäreleri aňsatlaşdyrmaga ýardam bermek maksatnamasyny ýerine ýetirmekde goldawa mätäçdigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, milli islegler we howanyň üýtgemegine dogry täsir etmek, düzümleýin taslamalary hem-de ulag ulgamyny ösdürmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin tehniki goldaw bermek babatda ýeterlik derejedäki durnukly we elýeterli ulagy ösdürmäge gönükdirilen serişdeleri giňeltmegiň möhümdigine üns berildi.

Bellenilişi ýaly, geçelgelerden geçmegiň wagtyny azaltmak hem-de tagallalaryň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin halkara ulag geçelgelerini dolandyrmaga utgaşykly we durnukly çemeleşmäni kabul etmek hem-de sebit arabaglanyşygyny ilerletmek üçin goşmaça çäreleri görmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit guramalarynyň bu işe gatnaşmagyna ýokary baha berildi.

Şoňa görä-de, häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ileri tutulýan maksatnamalaryň üstünde işlemek örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldamagyň hereketlerini çaltlandyrmak üçin gurallaryň ählisinden peýdalanmak zerurdyr.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy boýunça we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahaty taryhy ähmiýetli waka boldy.

Maslahata gatnaşanlaryň uly düzümi, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň giň toplumy, beýan edilen başlangyçlar, teklip edilen gurallar hem-de maslahatlar parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleriň hem-de maksatlaryň umumydygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

* * *

Forumyň ikinji gününiň barşynda mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda aýawly saklanan baý medeni mirasy we döredijilik däpleri barada gürrüň berýän sergi guraldy. Daşary ýurtly myhmanlara amaly-haşam sungatynyň ösüşini aýdyňlyk bilen görkezýän täsin gymmatlyklar görkezildi. El işiniň ussatlarynyň taýýarlan önümleri, has takygy, olaryň özboluşlylygy, milli öwüşginleri hem-de ýokary hili maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Bu ýere gelenler täsinligi, owadanlygy, inçeligi hem-de köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýan ajaýyp halylaryň gözelligine haýran galdylar. Ussat zergärleriň zehini bilen döredilen şaý-sepler, gülýakalar, bilezikler, ýüzükler, gulakhalkalar we beýlekiler maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar üçin sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Konsertiň maksatnamasyna laýyklykda, häzirki döwri wasp edýän aýdym-sazly we folklor-etnografik çykyşlar, joşgunly tanslar, halk hem-de häzirki zaman aýdymlary ýerine ýetirildi.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow