Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna toý sapary
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna toý sapary
Çap edildi 18.06.2022
2477

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gündogar sebitinde senagat we oba hojalygy pudaklarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Şunda oba zähmetkeşleriniň netijeli işini ýola goýmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ir bilen Mary şäheriniň Halkara howa menzilinden ugran uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyz mähirli garşylanyldy. Hormatly Prezidentimizi garşylamak dabarasy ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Welaýatyň körpe nesilleri joşgunly goşgulary, aýdymlary bilen täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler.

Döwlet Baştutanymyz sungat ussatlaryna öz minnetdarlygyny bildirdi we bu ýerde çykyş eden çagalaryň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Şeýle hem çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň binasyna girdi. Bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Arkadagly Serdarymyza sebitiň Darganata etrabynyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz şatlykly habary kanagatlanma bilen diňläp, etrabyň zähmetsöýer gallaçylaryny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagda welaýatyň Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzy gallaçy kärendeçi Azat Joraýew garşylady.

Hormatly Prezidentimiz daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylyk derejesi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň geçirilişi bilen gyzyklandy.

Zähmetsöýer daýhan topraga yhlas edip öndürijilikli zähmet çekmek, ýerden bol hasyl almak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol 16 ýyl bäri kärendeçilik usulynda işleýändigini, 10 gektar meýdana bugdaýyň “Hasylly” görnüşini ekendigini we onuň her gektaryndan 50 sentner hasyla garaşýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde oba hojalyk önümlerini öndürijileriň — daýhanlaryň netijeli zähmeti, kärendeçileriň zerur dökün, ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi ugrunda hemme şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi alnyp barylýan syýasatyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar. Munuň özi milli daýhançylyk däplerini ösdürmekde, ýaş nesilleri halal zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Kärendeçi oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň üpjün edilmegi ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin yhlasyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. Gallaçy daýhan kärende ýerinde ekin dolanyşygyna möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, şu ýyl bugdaýdan boşan ýerlere mäş ekmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň elmydama gözegçilikde saklanjakdygyny aýtdy.

Kärendeçi A.Joraýew ekerançylyk meýdanlaryndan netijeli peýdalanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda döredilýän şertleriň daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine, üstünliklere ruhlandyrýandygyny guwanç bilen belledi. Daýhan Arkadagly Serdarymyzdan kärende ýerinde ösdürip ýetişdiren bugdaýyny ormaga ak pata bermegi haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy.

Şu pursatda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeli işledilýän kuwwatly “CLAAS” hem-de “John Deere” kysymly tehnikalary ussatlyk bilen dolandyrýan mehanizatorlar bereketli hasylyň oragyna girişdiler. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň bu kuwwatly tehnikalary bugdaýy ýitgisiz hem-de arassa ýygnamakda amatly hasaplanylýar. Şolaryň netijeli işledilmegi daýhanlaryň durmuşynda möhüm tapgyr bolan galla oragy möwsüminiň guramaçylykly we gysga wagtda geçirilmegini üpjün edýär.

Arkadagly Serdarymyz galla oragyna girişen kombaýnlaryň sazlaşykly hereketini synlady.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhana çekýän yhlasly we öndürijilikli zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlaryny gowşurdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kärendeçi daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

Bu ýerde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja we miwe önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi guraldy. Olar döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde toprakdan bereketli hasyl önýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. Bu ýerde gelin-gyzlar milli tagamlary taýýarlaýarlar. Türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen tamdyrlarda şu ýylky hasylyň täze unundan çörek bişirilýär.

Hormatly Prezidentimize täze bişirilen çörek hödür edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň adyndan milli tagamlary taýýarlan gelin-gyzlara sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gallaçy kärendeçiniň hasylynyň bereketli bolmagyny, onuň ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmagyny arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine tarap ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň dikuçary bekediň golaýynda ýörite taýýarlanan meýdançada gondy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň öwüşginini artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz giň zalda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy. Onda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünlikleri, meýilnamalary hem-de geljekki ösüşleri we onuň käbir düzümleriniň işi beýan edilýär. Bu ýerde ulanmaga berilýän desgalarda oturdylan döwrebap enjamlar we önümçilige ornaşdyrylýan iň täze innowasion tehnologiýalar görkezildi.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş direktory Çen Huaýlun hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa fotosuratlary we çyzgylary görkezdi, şolarda nebitgaz pudagynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär. Hytaýly işewür döwlet Baştutanymyza Farap etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berilýän gaz ýygnaýjy bekediň ugurdaş düzümleri, onuň gaz geçiriji ulgamy we bu toplumyň ortaça ýyllyk kuwwatlylygy barada maglumat berdi.

Häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasy ýangyç-energetika pudagynda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biridir. Soňky ýyllarda hytaýly hünärmenler Amyderýanyň sag kenarynda, “Galkynyş” gaz käninde we “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde giň möçberli işleri amala aşyrdylar.

Hytaýly işewür Lebap welaýatyndaky gaz käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy barada aýdyp, sanly ulgam ornaşdyrylan desganyň enjamlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigini habar berdi.

Iň täze tehniki işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ata Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynyň işini hem-de “mawy ýangyjyň” känleriniň senagat taýdan özleşdirilişini işjeňleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz öňdebaryjy tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy hem-de milli derejede durmuşa geçirilýän anyk çäreleri güýçlendirýär. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäniň energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornunyň berkidilmegine we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine hytaýly hünärmenleriň işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen nygtady hem-de Hytaýyň iri korporasiýasynyň wekiline işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz maslahatlar zalyna barýar, şol ýerde täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Lebap welaýatyndaky «Gadyn» käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň işe girizilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

Biziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyz Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklaryň möhüm binýady bolup durýar. Şundan ugur alýan Türkmenistan dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, köp sanly dünýä meselelerini çözmäge hem ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Uglewodorod serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp, Hytaýyň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden biziň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny hem-de şu ýyl bu şanly waka 30 ýyl dolýandygyny ýatlatdy. Şu döwürde hytaýly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Her biriniň uzynlygy 1830 kilometr bolan üç şahaly gaz geçiriji ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär. Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizileninden bäri, Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde bu zerur ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin onuň 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Indi 13 ýyl bäri türkmen «mawy ýangyjy» dostlukly hytaý halkynyň ojaklaryny ýyladyp, senagat kärhanalaryny herekete getirýär. Iri energetika taslamasy iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow buýsanç bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp waka baradaky gürrüňe geçip, Lebap welaýatynyň ýurdumyzyň senagat taýdan depginli ösýän sebitleriniň biridigini belledi. Welaýatda gurulýan döwrebap kärhanalaryň, önümçilik-medeni maksatly desgalaryň sany barha artýar. «Gadyn» käninde täze gurlan gaz ýygnaýjy beket hem şeýle desgalaryň biridir. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň “Kiştiwan”, “Günbatar Kiştiwan”, “Gadyn”, “Eljik”, “Gündogar Eljik” känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde 5,5 million kub metrini ýygnap, Hytaý döwletine ibermekde bu bekede uly orun degişlidir.

Döwrebap desganyň işe girizilmegi täze iş orunlarynyň 200-sini döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi halkymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Farap etrabynda nebitgaz pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmegi bilen bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze bekediň işgärlerine bolsa alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene söz berildi.

Diplomat “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “CNPC-niň” Türkmenistanda işläp başlanyna şu ýyl 15 ýyl dolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Geçen ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň berk binýady kemala getirildi. Şol gatnaşyklar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasydyr. Bu pudakda gazanylan üstünlikler ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga uly depgin berdi.

Bu gün iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda soňky döwürde gazanylan möhüm ylalaşyklary hem-de şertnamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin maksatlaýyn çäreler görülýär.

Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň tapawutly aýratynlygy taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge bolan özara erkine we hemmetaraplaýyn taýýarlygyna daýanýanlygydyr diýip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili belledi hem-de hut şu sebäpli bu hyzmatdaşlyga halkara we sebitdäki ýagdaýlaryň üýtgemeginiň, beýleki ýagdaýlaryň täsirini ýetirmeýändigini nygtady.

Türkmenistan dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biridir. Hytaý bolsa türkmen “mawy ýangyjyna” islegi ýokary döwletdir diýip, diplomat sözüni dowam etdi hem-de döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şu ýyl hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Şeýle hem şu ýyl täze döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişen Hytaý üçin ähmiýetlidir diýip, Sýan Naýçen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin zerur işleri geçirmäge hytaý tarapynyň taýýardygy beýan edildi.

Sözüniň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk arzuw edip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň öňünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun çykyş etdi.

Iri hytaý korporasiýasynyň ýolbaşçysy bu günki wakanyň — Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda açylyş dabarasy geçirilýän “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde täze desganyň ulanmaga berilmeginiň möhümdigini belläp, munuň her bir hytaý we türkmen hünärmenleriniň her biri üçin ýatdan çykmajak wakadygyny nygtady.

Myhman Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa energetika pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüminde kompaniýanyň alyp barýan işlerine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

2007-nji ýylyň iýul aýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakynda şertnama, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “CNPC” korporasiýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak boýunça şertnama gol çekilendigi bellenildi. Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli, uzak möhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady goýuldy.

Iki ýurduň Liderleriniň uly aladasy hem-de ýokary ünsi netijesinde “CNPC” korporasiýasy we “Türkmengaz” döwlet konserni şertnamalaýyn çäkde netijeli gatnaşyk edýärler. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler dünýäniň ünsüni özüne çekdi, halkara jemgyýetçiligiň uly hormatyna eýe boldy. Geljekde “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazyň alnyşynyň mukdaryny artdyryp, energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksat edinilýär.

Türkmenistan tebigy gaz gorlaryna örän baýdyr. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uludyr. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn özara bähbitli gaz hyzmatdaşlygyny biri-biriniň üstüni ýetirýän hyzmatdaşlyk diýip häsiýetlendirip bolar diýip, Hou Siszýun aýtdy.

Türkmenistan Hytaýy gaz bilen üpjün edýän ygtybarly, iri döwletdir. Hytaý bolsa Türkmenistanyň tebigy gazyň söwdasy boýunça örän uly hyzmatdaşydyr diýip, hytaýly myhman ýene-de bir gezek nygtady.

Şu ýylyň başynda bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny kesgitlän täze ylalaşyklaryň gazanylandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär.

Biz mundan beýläk-de gaz pudagynda durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hem-de ähli beýleki pudaklarda özara hereketler üçin zerur tagallalary ederis diýip, “CNPC-niň” ýolbaşçysy ynandyrdy.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy çykyşynyň ahyrynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, döwlet bähbitli işlerinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi.

Maslahatyň dowamynda wideofilm görkezilip, onda ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň we HHR-iň netijeli gatnaşyklary, “Gadyn” täze gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti beýan edildi.

Soňra alypbaryjy täze gaz ýygnaýjy bekedi ulanylyşa girizmegi haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, “Gadyn” bekediniň işläp başlamagyna ak pata berdi.

Wideoşekiller arkaly onuň işi görkezilýär.

Alypbaryjy “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmeni A.Akmämmedowyň awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy beketden teleköpri arkaly ýüzlenmegine rugsat bermegini haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.

Ýaş hünärmen Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisini ulanmaga bermek üçin ak pata bermegi haýyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ak pata berýär. Hünärmen degişli nurbaty towlaýar we Üçajy — Zerger turba geçirijisine gaz berlip başlanýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň dolandyryş binasyna bardy. Bu ýerde gaz ýygnaýjy bekediň hünärmeni merkeziň enjamlaşdyrylyşy hem-de önümçilik-tehnologik tapgyrlary barada maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiziň goldawy netijesinde täze beket kuwwatly enjamlar bilen üpjün edildi.

Hünärmen bu ýerde işleýän işgärleriň adyndan zähmet çekmäge, hususan-da, önümçiligiň ähli tapgyrlaryna degişli gözegçiligi amala aşyrmaga döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow